Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 10

Süleýmanyň pähimleri: Akylly ogul atasyna şatlykdyr, akmak ogul enesine gaýgydyr.
2 Ýaramazlyk bilen gazanylan baýlygyň peýdasy ýokdur, dogrulyk bolsa ölümden halas edýändir.
3 Reb dogruçyly aç goýýan däldir, ýöne ýaramazlaryň arzuwyny ret edýändir.
4 Ýalta el garyplyk getirýär, işeňňir el baýlyk.
5 Tomusda ýygnaýan parasatly oguldyr, Orak wagtynda uklaýan – atasyny uýada goýar.
6 Dogrularyň başyna bereket ýagýar, ýaramazyň dilinde zorluk gizlenýär.
7 Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr, ýamanlaryň ady çüýreýändir.
8 Kalbynda danalyk bolan öwüdi kabul eder, akmagyň dili bolsa bela elter.
9 Sadyklykda gezen aman gezýändir, egri ýoldan ýörän aýan bolýandyr.
10 Göz gypýan gam-gussa duçar bolar, akmagyň dili başyna bela getirer.
11 Dogrularyň agzy ýaşaýyş bulagydyr, ýaramazlaryň agzy zorlugy örtýändir.
12 Ýigrenç gahar-gazaby oýarýar, söýgi bolsa bar ýazygy bagyşlaýar.
13 Düşünjeli adamyň dilinden danalyk dökülýär, kemakylyň arkasyna bolsa gamçy garaşýar.
14 Akyllylar bilimi goraýarlar, akmagyň dili bolsa heläkçilige getirýär.
15 Baýyň galasy onuň baýlygydyr, garybyň ýoksullygy onuň heläkçiligidir.
16 Dogrynyň gazanjy ýaşaýşa getirýär, ýaramazlaryň gazanjy günä getirýär.
17 Terbiýäni saklaýan ýaşaýyş ýolundadyr, käýinji ret edýän bolsa ýoldan azaşýandyr.
18 Ýigrenji ýaşyrýan kişi – ýalançy, gybat ýaýradýan bolsa akmakdyr.
19 Gepi köpüň ýazygy bardyr, emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.
20 Dogruçylyň dili saýlama kümüşdir, ýaramazlaryň ýüregi hiç zada durýar.
21 Dogruçylyň agzy köpleri bakýar, akmaklar bolsa kemakyllykdan ölýär.
22 Rebbiň berekedi baýlyk getirýär, Ol bu baýlyga dert-alada goşmaz.
23 Akmak ýamanlyga şatlanar, düşünjeli adam danalyga.
24 Ýaramazyň gorkusy başyna geler, dogruçyllar myradyna ýeter.
25 Tupan geçýär, ýaramazlar ýok bolýar, dogruçyllar bolsa ebedi berkdir.
26 Işýakmaza iş buýurmak, diliňe burç degen, gözüňe tüsse dolan ýalydyr.
27 Rebden gorkmak ömri uzaldýandyr, ýaramazyň ömri gysgalýar.
28 Dogruçylyň umydy şatlyk getirýär, ýaramazyň umydy puja çykýar.
29 Rebbiň ýoly dogrulara penadyr, şerlere bolsa gorky-beladyr.
30 Dogruçyl hiç haçan ornundan sarsmaz, ýaramazlar ýer-ýüzünde galmaz.
31 Dogruçylyň dilinden danalyk ýaýraýandyr, ýalan sözleýän dil kesilip taşlanýandyr.
32 Dogruçylyň agzy mynasyp sözi bilýär, ýaramazyň agzyndan egrilik çykýar. ‎