Bap 23
Hökümdar bilen nahar iýmäge oturanyňda, öňüňde goýlana syn et.
2 Horan bolsaň, bogazyňa pyçak goý.
3 Onuň näz-nygmatyna höwes etme, çünki ol hileli çörekdir.
4 Baýajak bolup agyr zähmet çekme, pähimli bol, bu pikiriňden el çek.
5 Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir, çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.
6 Gysganç adamyň çöregini iýme, onuň lezzetli näzi-nygmatlaryna höwes etme.
7 Çünki ol içinden peýdasyny hasaplaýan ýalydyr, «Iý, iç!» diýýändir, ýöne ýüregi seniň bilen däldir.
8 Iýen lukmaňy gusarsyň, süýji sözleriňi ýele sowrarsyň.
9 Akmaga söz aýtma, çünki ol aýdan danalygyňy ýigrener.
10 Gadymy araçäk daşyny süýşürme, ýetimleriň ekin ýerinden alma.
11 Çünki olaryň Hossary güýçli, olaryň dawasyny seniň bilen Ol tutar.
12 Kalbyňy öwüt-nesihata, gulaklaryňy-da bilimli sözlere ber.
13 Terbiýäni çagalaryňdan gaýgyrma; terbiýe taýagy olary öldürmez.
14 Eger sen olary taýak bilen ursaň, janlaryny ölüler dünýäsinden halas edersiň.
15 Oglum, seniň ýüregiň akylly bolsa, meniň ýüregim hem şatlanar.
16 Sen dogry sözläniňde, meniň göwnüm şatlanar.
17 Günäkärlere gözüň gitmesin, mydam Rebden gorkup gez.
18 Çünki seniň geljegiň bolar ahyryn, umydyň üzülmez.
19 Oglum, diňle, sen akylly bol, ýüregiňi dogry ýola sal.
20 Şerap içegenleriň ýa-da et iýegenleriň arasynda bolma.
21 Çünki içegen we iýegen har düşer, ukuçyllyk bolsa adama ýyrtyk jul geýdirýändir.
22 Ataňy diňle, ol seni dünýä inderdi, eneňi ýigrenme garran wagtynda.
23 Hakykaty satyn al, ony satma. Danalygy, öwüdi, paýhasy hem satyn al.
24 Dogruçylyň atasy köp begener, parasatly perzendi dünýä inderen, oňa guwanar.
25 Ataň-eneň guwansyn, seni dogran begensin.
26 Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.
27 Çünki loly düýpsüz gorpdur, kemçin-de dar guýudyr.
28 Ol garakçy kimin ýolda peýläp durup, wepasyzlaryň sanyny artdyrýar.
29 Ah çekýän kim? Wah çekýän kim? Jenjel kimiňki? Nala kimiňki? Sebäpsiz ýaralanan kim? Gözleri gyzaran kim?
30 Şerabyň başynda uzak oturýanlaryňky, garyşyk içgini içip görýänleriňki.
31 Şerabyň alyna, pyýalada öwşün atyşyna, aňsatlyk bilen aşak sarkýanyna bakma.
32 Soňunda ýylan kimin çakýandyr, alahöwren bolup sokýandyr.
33 Gözleriň geň-taň zatlary görer, seniň aňyň egri sözler aýdar.
34 Sen kä deňiz ortasynda ýatan ýaly, kä gäminiň bogaldagynda oturan ýaly bolarsyň.
35 «Meni urdular, agyry duýmadym; meni ýençdiler, ony bilmedim. Ýaňadan içmek üçin, haçan turaryn?» diýersiň.