Bap 13
Akylly ogul atasynyň öwredenini diňleýär, masgaralaýjy bolsa käýinje gulak asmaýar.
2 Ýagşylar agzynyň miwesinden hasyl alar, ýöne haýynlaryň islegi zulumdyr.
3 Diline berk janyny goraýandyr, agzyboşlar heläkçilige barýandyr.
4 Ýaltanyň göwni isleýär, ýöne hiç zat gazanmaýar, janypkeşiň göwni bolsa dokmädedir.
5 Dogruçyl ýalan sözi ýigrenýär, ýaramaz bolsa ryswalyk getirýär.
6 Dogruçyllyk dogrularyň ýoluny goraýar, ýöne günä erbetleri ýykýandyr.
7 Biri bardyr, özüni baý görkezýändir, ýöne hiç zady ýok. Biri bardyr, özüni garyp görkezýändir, emma baýlygy köp.
8 Adamyň baýlygy janyna töleg bolýar, ýöne garyp haýbaty diňleýän däldir.
9 Dogruçylyň nury şöhle saçýar, ýaramazyň çyrasy öçýär.
10 Tekepbirlikden diňe jedel döreýär, maslahat soraýanda danalyk.
11 Duýdansyz gelen baýlyk bara azalar, el bilen çöpleýän köp gazanar.
12 Uzaga çeken tama ýürek derdidir, hasyl bolan isleg ýaşaýyş daragtydyr.
13 Öwüdi äsgermeýän özüni heläk edýär, buýrugy saklaýan bolsa sylag-serpaý alýar.
14 Akyldaryň öwüdi ölüm duzagyndan sowýan ýaşaýyş çeşmesidir.
15 Sagdyn pikir merhemet gazanýar, haýynyň ýoly muşakgata barýar.
16 Seresaplylar bilim bilen iş edýändirler, akmak bolsa samsyklygyny görkezýändir.
17 Ýaramaz ilçi başa bela getirýär, sadyk ilçi bolsa şypa getirýär.
18 Öwüt-nesihaty ret eden garyplyk hem biabraýlyk alar, käýinji kabul edene hormat.
19 Amala aşan arzuw jana rahat berýär, ýamanlykdan aýrylmagy akmak ýigrenýär.
20 Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.
21 Günäkäri betbagtlyk kowalaýar, dogruçyllar bolsa ýagşylyk sylagyny alýar.
22 Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar, ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.
23 Garybyň ýeri bol hasyl berýär, ýöne ol adalatsyzlyk bilen süpürilip äkidilýär.
24 Taýagyny gaýgyrýan adam ogluny ýigrenýändir, ony söýýän bolsa wagtynda terbiýe berýär.
25 Dogruçylyň doýýança iýjegi bardyr, emma ýaramazlaryň garny aç galar.
26