Bap 18
Üzňelikde ýaşaýan öz islänini edýändir, ol ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir.
2 Akmak adam düşünjeden däl-de, diňe öz pikirini aýtmakdan keýplenýändir.
3 Ýaramazlyk bilen ýigrenç gelýändir, biabraýlyk bilen-de masgaraçylyk.
4 Ynsanyň agzyndan çykýan sözler düýpsüz suwlar kimindir, danalyk bolsa joşup akýan bulak mysalydyr.
5 Hökümde ýaramazyň tarapynda bolup, dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.
6 Akmagyň dili jenjel turuzýar, onuň agzy taýagy çagyrýar.
7 Akmaga dilinden bela gelýändir, onuň dodagy janyna duzakdyr.
8 Gybatkeşiň sözleri datly lukma ýalydyr, olar garnyňa siňýär.
9 Işinde ýaltalyk edýän ýumrujynyň doganydyr.
10 Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.
11 Baýlaryň baýlygy – olaryň berk galasy, onuň hyýalynda beýik haýat kimindir.
12 Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.
13 Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr.
14 Adamyň derdini ruhy çekip bilýär, ýöne synyk ruha kim çydam eder.
15 Paýhasly adam bilim alýandyr, danalygyň gulagy bilim agtarýar.
16 Sowgat gapylary açýar, emeldarlaryň ýanyna eltýär.
17 Başga biri gelip, oňa sorag berýänçä, dawada ilki geplän dogry ýaly görünýändir.
18 Bije dawany togtadýandyr, güýçli garşydaşlaryň arasyndaky meseläni çözýändir.
19 Öýkeli dogan içine aralaşyp bolmaýan berk galadyr, aralykdaky dawa bolsa, galanyň gözenekli gapysy ýalydyr.
20 Adam agzynyň miwesinden kanagatlanýar, diliniň hasylyndan doýýar.
21 Ölümem, ýaşaýyşam diliň ygtyýarynda, dili söýýän hasylyndan iýer.
22 Gowy aýala gowşan gowulyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr.
23 Garyp ýalbaryp gepleýändir, baý bolsa gödek jogap berýändir.
24 Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar, ýöne dogandan-da ýakyn dost bar.
25