Bap 27
Ertirki günüň barada öwünme, çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň.
2 Seni öz agzyň däl, başgalar öwsün, öz diliň däl, keseki öwsün.
3 Daş agyrdyr, çäge ýükdür, ýöne akmagyň meçew bermegi ol ikisinden-de agyrdyr.
4 Gazap zabundyr, gahar sil kimindir, emma gabanjaňlygyň öňünde kim durup biler?
5 Açyk käýinç ýaşyryn söýgüden gowudyr.
6 Dostuň salan ýarasy wepalylykdandyr, ýöne duşmanyň posalary köpdür.
7 Dok adam baly ýigrenýändir, aç kişä ajy zatlar hem süýjüdir.
8 Höwürtgesinden daş giden guş nähili bolsa, öz öýünden daşlaşan adam-da şeýledir.
9 Hoşboý ýag we atyr ýüregi şatlandyrýandyr, ýakynyň ýakymy ýürekden beren maslahatyndadyr.
10 Öz ýakynyňy, ataň ýakynyny terk etme, başyňa bela gelen güni doganyň öýüne gitme, uzakdaky dogandan, ýakyn goňşy ýagşydyr.
11 Oglum, akylly bol, meniň ýüregimi şatlandyr, şonda gyjalat berseler, men jogap bererin.
12 Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir, nadan bolsa, öňe geçip zyýan çekýändir.
13 Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.
14 Biri daň-säher turup, gaty ses bilen goňşusyndan saglyk-amanlyk sorasa, oňa nälet saýylar.
15 Igenjeň aýal hem üznüksiz damýan damjalar biri-birine meňzeşdir. Ol aýaly saklamak ýeli duruzmak ýa-da sag eliň bilen ýagy gysymyňda saklamak ýalydyr.
17 Demir demri, adam adamy ýiteldýändir.
18 Injir agajyna seredýän onuň miwesini iýer, hojaýynyna seredýän hormatly bolar.
19 Suwuň ýüzünde ýüzüň görnüşi ýaly, adam ýüreginde hem özi görünýär.
20 Ölüler dünýäsiniň we heläkçilik ýeriniň doýmaýşy ýaly, adamyň gözi-de asla doýýan däldir.
21 Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, adam hem öwgüde synalýandyr.
22 Akmagy sokuda galla garyp, sokudaşy bilen döwseň-de, ondan akmaklygy aýrylmaz.
23 Öz sürüleriň ýagdaýyny ýagşy bil, mallaryňa üns ber.
24 Çünki baýlyk ebedi däldir, täç-de elmydama nesilden-nesle geçýän däldir.
25 Otlar orlup, maýsa görnende, daglaryň oty ýygnalanda,
26 toklular seni geýindirer, tekeler meýdanyň bahasyny ödär.
27 Geçileriň süýdi seniň iýjegiň, içeriň iýmiti, hyzmatkäriň güzeranyna hem ýeterlik bolar.