Bap 21
Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.
2 Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.
3 Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.
4 Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, ýaramazlaryň çyrasy – günädir.
5 Janypkeşiň maksady diňe bolçulyga getirýär, alňasak adamlaryň bary mätäç düşýändir.
6 Ýalan söz bilen toplanan hazyna ölüme kowalap barýan ümür-dumandyr.
7 Ýaramazlaryň zorlugy özlerini süpürip äkidýändir, çünki olar adalaty berjaý etmekden boýun gaçyrýandyr.
8 Ýazyklynyň ýoly egridir, päkleriň bolşy dogrudyr.
9 Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak ýegdir.
10 Ýaramazyň göwni ýamanlyk küýseýär, ýakyny onuň göwnünden turmaýar.
11 Masgaralaýja jeza berlende, nadan akylly bolýandyr, dana adam tälim alanda, bilimini artdyrýandyr.
12 Dogruçyl ýaramazyň öýüni synlaýar, ýaramazlar heläkçilige barýar.
13 Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.
14 Gizlin berlen sowgat gahary, goltuga sokulan para güýçli gazaby ýatyrýar.
15 Adalaty berjaý etmek dogruçyl adama şatlykdyr, ýaman iş edýäne heläkçilikdir.
16 Düşünje ýolundan sowlan ölüler toparynda ornaşar.
17 Hezilligi söýýän mätäçdir, şeraby we ýagy söýýän baýamaz.
18 Ýaramazlar dogruçyl üçin, biwepalar hem sadyk üçin töleg bolar.
19 Igenjeň hem gaharjaň aýal bilen ýaşandan, çölde ýaşamak gowudyr.
20 Arzyly hazyna hem ýag dananyň jaýyndadyr, akmak bolsa baryny symyşlar.
21 Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam ýaşaýyş hem hormat tapar.
22 Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp, olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar.
23 Agzyna we diline berk janyny beladan goraýandyr.
24 Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.
25 Ýaltany öz höwesi öldürýär, çünki onuň elleri işden boýun gaçyrýar.
26 Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.
27 Ýaramazlaryň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.
28 Galp şaýat heläk bolar, diňleýän adamyň sözi dowam eder.
29 Ýaramaz adam ýüzüni galňadýandyr, dogruçyl adam bolsa öz ýoluny oýlaýandyr.
30 Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.
31 At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir.