Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 12

Terbiýäni söýýän bilimi söýýändir, käýinji ýigrenýän bolsa samsykdyr.
2 Ýagşy adam Rebbiň merhemetini gazanýandyr, erbet niýetlini bolsa höküm edýändir.
3 Adam ýaramazlyk bilen berkäp bilmez, dogrularyň köküni hiç zat goparmaz.
4 Mynasyp aýal äriniň başynyň täjidir, binamys aýal bolsa süýegiňi çüýreder.
5 Dogruçylyň pikiri adyldyr, ýaramazlaryň maslahaty haýynlykdyr.
6 Ýaramazlaryň gep-gürrüňi gan dökmäge teşnedir, dogrularyň dili bolsa olary halas eder.
7 Ýaramazlar düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr.
8 Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.
9 Özüni ulumsy tutup, nana zar bolan adamdan, gününi özi dolaýan garamaýak gowudyr.
10 Dogruçyl kişi malynyň janyny hem gaýgyrýar, ýaramazlaryň rehimi hem zalymlykdyr.
11 Ýerini bejerýän adamyň nany bol bolar, boş hyýala eýerýän bolsa kemakyldyr.
12 Ýaramazlar ýamanlaryň oljasyny isleýär, dogruçyllaryň bolsa köki ösýär.
13 Ýamanlar ýazykly gürrüňinden duzaga düşýär, dogruçyllar kynçylykdan ýol tapýar.
14 Ynsan diliniň miwesinden ýagşylyk tapar, elleriniň hyzmaty özüne serpaý bolar.
15 Akmagyň ýoly öz gözüne dogrudyr, akyldar adam maslahaty diňleýär.
16 Akmagyň gahary derrew bildirýändir, seresaply kişi göwne deglenini ýaşyrýandyr.
17 Hakykaty aýdýan adyl gepleýändir, galp şaýat bolsa ýalany.
18 Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr, akyldaryň dili bolsa şypa berýändir.
19 Çyn dil ebedilikdir, ýalançy dil az salymlykdyr.
20 Ýaman niýetliniň ýüreginde hile bardyr, salamatlygy niýetleýän bolsa şatlyk alar.
21 Dogruçyl adama hiç bela gelmez, ýaramazlaryň başy beladan gutulmaz.
22 Ýalan dil Reb üçin nejislikdir, dogruçyllyk isleýänlerden bolsa Ol hoşaldyr.
23 Seresaplylar bilimi özi üçin saklaýar, akmagyň ýüregi bolsa akmaklygyny äşgär edýändir.
24 Janypkeşiň eli höküm sürer, ýalta mejbury işe gider.
25 Gaýgyly ýürek adamy çökerýär, ýagşy söz bolsa ony şatlandyrýar.
26 Dogruçyl adam ýakynyna ýol görkezýändir, ýaramazlaryň ýoly bolsa azaşdyrýandyr.
27 Ýaltanyň eli tutan awuny bişirmez, gaýratly bolsa gymmatly hazyna.
28 Dogrulyk ýolunda ýaşaýyş bardyr, ol ýolda ölüm ýokdur. ‎