Bap 1
Bu Iýerusalimde patyşalyk eden Dawudyň ogly Wagyzçynyň sözleridir.
2 Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.
3 Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar?
4 Bir nesil gidip, bir nesil gelýär; emma bu dünýä ebedilik galýar.
5 Gün dogýar, ýaşýar; öz dogjak ýerine tarap howlugýar.
6 Ýel günorta tarap öwüsýär, soňra demirgazyga öwrülýär. Ol töwerege aýlanyp-aýlanyp, ýene öz aýlawyna dolanýar.
7 Ähli derýalar deňze akýar, emma deňiz dolmaýar. Derýalar täzeden akmak üçin öz akýan ýerine dolanýarlar.
8 Bar zat irizýär. Muny söz bilen beýan edip bolmaz. Göz görmekden doýmaýar, gulak-da eşitmekden.
9 Näme bolan bolsa, ýene şol bolar, näme edilen bolsa, ýene şol ediler. Günüň astynda täze zat ýok.
10 «Seret, ine, şu täze» diýip boljak zat barmy? Ol owaldan bardy, bizden öňem bolupdyr.
11 Öňki bolup geçeni hiç kim ýatlamaz; indiki geljekler-de, häzirki hem soňky boljak zatlary ýatlamaz.
12 Men, Wagyzçy, Iýerusalimde Ysraýylyň patyşasydym.
13 Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşydyr.
14 Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.
15 «Egrini göneldip bolmaz; ýok zady-da sanap bolmaz».
16 Öz-özüme şeýle diýdim: «Ine, men beýik bolup, paýhasda özümden öň Iýerusalimde hökmürowanlyk edenleriň hemmesinden ozdum. Ýüregim paýhas bilen bilime baýdy».
17 Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim.
18 «Paýhas näçe köp bolsa, gussa-da şonça köpdür. Bilimini artdyrýanlar, derdini-de artdyrýandyrlar».