Wagyz kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12


Bap 12

Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.
2 Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla.
3 Şol gün öýi goraýanlar titreşerler, güýçli adamlar eglerler, el degirmeni bilen däne üweýänler işini togtadarlar, sebäbi olaryň sany azdyr, penjireden seredýänleriň gözleri garaňkyraýar.
4 Köçä açylan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi kesiler; adamlar guş sesine oýanarlar, gyzlaryň nagmasy kesiler.
5 Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar.
6 Kümüş zynjyr gyrylmanka, altyn käse döwülmänkä, bulak başyndaky küýze owranmanka, guýynyň başyndaky çarh döwülmänkä,
7 ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.
8 Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.
9 Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy.
10 Wagyzçy ýakymly sözleri tapmaga çalyşdy. Onuň ýazanlary dogry we hak sözlerdi.
11 Dananyň sözleri çişler kimindir; toplanan pähimli sözler berk kakylan çüýler ýalydyr. Pähimli sözler bir çopan tarapyndan berlendir.
12 Bulardan başga-da, eý, oglum, sak bol. Köp kitap ýazmagyň soňy ýokdur, köp okamak beden üçin argynlykdyr.
13 Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;
14 her bir işi, gizlin bolan her işi–isle ýagşy bolsun, isle ýaman–Hudaý höküm eder.