Bap 3
Her zadyň öz möwrüti bar, gögüň astynda her zadyň öz wagty bar:
2 Dogulmagyň öz wagty bar, ölmegiň öz wagty; ekmegiň öz wagty bar, ormagyň öz wagty.
3 Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty; ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.
4 Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty; ýas tutmagyň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty.
5 Daşlary pytratmagyň öz wagty bar, daş üýşürmegiň öz wagty; gujak açmagyň öz wagty bar, ondan saklanmagyň öz wagty.
6 Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty, saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.
7 Ýyrtmagyň öz wagty bar, tikmegiň öz wagty; dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty.
8 Söýmegiň öz wagty bar, ýigrenmegiň öz wagty; urşuň öz wagty bar, parahatçylygyň öz wagty.
9 Işleýäne çekýän zähmetinden näme peýda bar?
10 Ynsanlara işli bolarlary ýaly Hudaýyň beren işini gördüm.
11 Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler.
12 Ynsan üçin şatlanmakdan we ömürboýy ýagşylyk etmekden gowy zadyň ýokdugyny bilýärin.
13 Her kesiň iýip-içip, öz bar zähmetinden lezzet almagy Hudaýyň beren sylagydyr.
14 Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.
15 Häzir näme bar bolsa, ol öň hem bolandyr; geljekde boljak häzir hem bardyr. Hudaý öteni ýene gaýtarýar.
16 Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm.
17 Içimden: «Hudaý dogry adama hem erbet adama hem höküm eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.
18 Ynsanlar barada içimden: «Özleriniň haýwanlar ýalydyklaryny görsünler diýip, Hudaý ynsanlary synaýar» diýdim.
19 Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.
20 Ählisi bir ýere gidýär; ählisi toprakdandyr, ählisi-de ýene topraga dolanýar.
21 Ynsanlaryň ruhy ýokaryk galýarmy, haýwanlaryň ruhy aşak ýere inýärmi, kim bilýär?
22 Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.