Bap 5

Hiç haçan alňasaklyk bilen gepleme, Hudaýyň huzurynda ýürek sözüni aýtmaga howlukma; çünki Hudaý gökdedir, sen ýerdesiň. Şonuň üçin az sözle.
2 Düýşüň gaýgy-aladanyň köpdügi üçin gelşi ýaly, samsyk gep-de, köp sözlülikden gelýändir.
3 Hudaýa aýdylan hudaýýolyňy gijikdirme. Çünki Hudaý akylzyslardan hoşal däldir; wadaňy berjaý et.
4 Wada bermezlik wada berip, ony berjaý etmezlikden ýagşydyr.
5 Diliň saňa günä etdirmesin; Hudaýyň ilçisiniň öňünde: «Wadam säwlik» diýme. Näme üçin Hudaý seniň sözüňe gaharlanyp, elleriňiň işini ýok etsin?
6 Köp hyýallylyk we boş sözler biderekdir; sen Hudaýdan gork.
7 Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.
8 Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.
9 Puly söýýän, puldan doýmaz, baýlygy söýýän-de, gazançdan. Bu-da biderek.
10 Harytlar köpelende, ony iýýänler-de köpelýändir; gözleri bilen görmekden başga eýesine ondan näme haýyr bar?
11 Az iýse-de, köp iýse-de, zähmetkeşiň ukusy süýjüdir. Emma baýyň baýlygy ony ukudan saklar.
12 Günüň astynda bir erbet dert gördüm: toplanan baýlyk eýesine zelel getirdi.
13 Baýlyk betbagtçylyk bilen ýok bolup gitdi. Çagalary bolsa-da, olara bermäge hiç zat galmaz.
14 Enesinden nähili doglan bolsa, bu dünýäden şeýle-de gider. Zähmetinden hiç bir zady elinde göterip, özi bilen äkidip bilmez.
15 Bu-da bir erbet dertdir: nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Boş ýere çeken zähmetiniň oňa näme haýry bar?
16 Ömürboýy çöregini garaňkylyk, gaýgy-gussalyk, hassalyk we gazap içinde iýýändir.
17 Ine, meniň görenim şudur: ynsana iýip-içip, Hudaýyň özüne beren gysga ömrüniň içinde Günüň astynda çekýän bütin zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr; çünki bu onuň takdyrydyr.
18 Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir.
19 Ynsan ömrüniň günlerini köp ýatlamaz, çünki Hudaý onuň kalbyny şatlyk bilen eýeleýär.