Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 9

Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň birinji aýynda Reb Sinaý çölünde Musa bilen gepleşip, şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllar kesgitlenen wagtda Pesah baýramyny bellesinler.
3 Şu aýyň on dördüne, bellenen wagtda, agşamara ony ähli düzgünlere we kada-kanuna laýyklykda geçirsinler».
4 Şeýlelikde, Musa ysraýyllara Pesah baýramyny bellemelidiklerini aýtdy.
5 Şoňa görä, ysraýyllar Sinaý çölünde birinji aýyň on dördüne, agşamara Pesah baýramyny bellediler. Ysraýyllar Rebbiň Musa tabşyran zatlarynyň ählisini berjaý etdiler.
6 Emma ölä galtaşanlygy zerarly haram bolanlar-da bardy. Olar şol gün Pesah baýramynyň geçirilişine gatnaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip:
7 «Ölä galtaşyp haram bolsak-da, biz näme üçin beýleki ysraýyllar bilen bile Rebbe bellenen wagtda gurbanlyk bermeli dälmişik?» diýdiler.
8 Musa olara: «Garaşyň, siz hakda Rebbiň näme tabşyryk berýänini bileýin» diýdi.
9 Reb Musa şeýle diýdi:
10 «Ysraýyllara aýt, siziň biriňiziň ýa-da nesilleriňizden biriniň ölä galtaşyp, haram bolandygyna ýa-da uzak saparda bolandygyna garamazdan, Rebbiň Pesah baýramyny belläp bilersiňiz.
11 Olar ikinji aýyň on dördüne, agşam Pesah gurbanyny soýup, ony petir we ajy otlar bilen iýsinler.
12 Ertire çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn we onuň ýekeje süňki-de döwülmesin. Pesah baýramy özüniň ähli kada-kanunlaryna laýyklykda bellensin.
13 Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir.
14 Eger araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri Rebbiň Pesah baýramyny bellese, onda ol ony ähli kada-kanunlara laýyklykda geçirsin. Asly ysraýylly bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir düzgün bolsun».
15 Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy.
16 Bu hemişe şeýle boldy, gündizlerine mukaddes çadyry büreýän bulut gijelerine oda meňzeýärdi.
17 Bulut çadyryň üstünden göterilensoň, ysraýyllar ýola düşerdiler. Bulut nirä gelip dursa, ysraýyllar hem şol ýerde düşelge gurardylar.
18 Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen ýola düşüp, Rebbiň buýrugy bilen hem düşlärdiler. Bulut mukaddes çadyryň depesinde näçe wagtlap saklansa, olar hem öz düşelgelerinde şonça wagt saklanardylar.
19 Hatda buludyň mukaddes çadyryň depesinde saklanmagy uzaga çekse-de, ysraýyllar Rebbiň buýrugyny berjaý edip göçmezdiler.
20 Käwagtlar bulut mukaddes çadyryň depesinde diňe sanlyja gün görnerdi, olar hem Rebbiň buýrugyna görä düşelgelerinde bolup, soňra Rebbiň buýrugy bilen hem ýola çykardylar.
21 Käwagtlar bolsa bulut diňe agşamdan ertire çenli saklanardy, bulut irden göterilensoň, olar ýola düşerdiler. Bulut gündizem, gije-de butnaman duruberse, onda ol göterilensoň ysraýyllar ýola düşerdiler.
22 Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler.
23 Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen düşläp, Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Olar Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler. ‎