Bap 6
Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa aýal nazyr bolmaga kasam içip, özüni Rebbe bagyş etse,
3 onda ol şerapdan we güýçli içgilerden datmasyn. Şerap sirkesini-de, başga sirke-de ulanmasyn, üzüm şerbedini-de içmesin, ter üzüm-de, kişmiş-de iýmesin.
4 Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda üzümden öndürilen hiç bir zady, hatda üzümiň gabygyny ýa dänesini-de agzyna almasyn.
5 Nazyr bolmaga kasam içen döwrüniň bütin dowamynda onuň kellesine hiç bir päki degmesin, özüni Rebbe bagyş eden günleri gutarýança, nazyr bolan adam mukaddesdir, ol saçyny ösdürsin.
6 Onuň saçy Rebbe bagyş edilendiginiň nyşanydyr. Özüni Rebbe bagyş eden günlerinde ol jesede golaýlaşmasyn. Hatda onuň atasy ýa enesi, dogany ýa uýasy öläýende-de, ol özüni haram etmesin.
8 Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda bu adam Reb üçin aýratyn adamdyr.
9 Eger gapdalyndakylaryň biri duýdansyzlykda ölüp, nazyryň mukaddes saçyny haram etse, onda ol tämizlenilýän gün bolan ýedinji güni saçyny syrsyn.
10 Sekizinji gün ol iki gumryny ýa-da iki kepderi çagasyny getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde ruhana bersin.
11 Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür edip, nazyri günäsinden saplasyn, çünki ol jesede golaýlaşandygy zerarly ýazykly bolupdy. Nazyr şol günüň özünde saçyny täzeden bagyş etsin.
12 Ol nazyrlyga täzeden başlamak üçin, özüni Rebbe bagyş etsin we ýazyk gurbanlygy hökmünde birýaşar erkek tokly getirsin. Çünki mukaddes edilen saçyň haram bolandygy üçin, öňki günler hasap edilmeýär.
13 Nazyrlyk möhleti gutaranda, nazyrlar üçin şu kanuny berjaý etsinler: ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirsinler.
14 Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin.
15 Bir sebet petiri, saýlama bugdaý undan zeýtun ýagyna ýugrulan külçeleri, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekleri, olar bilen bile galla we içgi sadakasyny bersin.
16 Ruhany bulary Rebbiň huzurynda hödür etsin, olaryň günä hem-de ýakma gurbanlygyny-da hödür etsin.
17 Bir sebet petir bilen goçy salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Şeýle hem ruhany galla hem içgi sadakasyny-da hödür etsin.
18 Soňra nazyr Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Rebbe bagyş edilen saçyny syryp, salamatlyk gurbanlygynyň aşagynda ýanyp duran oda taşlasyn.
19 Nazyr Rebbe bagyş edilen saçyny syryp bolansoň, ruhany goçuň gaýnan bir buduny, sebetden bir petiri we ýüzüne zeýtun ýagy çalnan bir çelpegi alyp, olary nazyriň eline bersin.
20 Onsoň ruhany göterme sadakasy hökmünde olary Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn. Göterme sadaka hökmünde döş hem, üwreme sadaka hökmünde but hem ruhany üçin mukaddes paýdyr. Şondan soňra nazyr bolan adam şerap içip biler.
21 Ynha, kasam içip, nazyr bolandygy we onuň Rebbe bagyş edilendigi üçin berilýän nazyrlyk gurbanlyklary hakyndaky düzgün şulardan ybaratdyr. Eger ol nazyrlyk kasamynyň talap edýän zatlaryndan başga-da sadaka bermegi wada beren bolsa, onda beren wadasyny doly berjaý etsin».
22 Reb Musa şeýle diýdi:
23 «Haruna we onuň ogullaryna aýt, ysraýyllara pata bersinler. Siz olara şeýle diýiň:
24 „Reb sizi ýalkasyn we gorasyn!
25 Goý, Reb üstüňize Öz nuruny döküp, size merhemet etsin!
26 Goý, Reb size nazaryny salyp, salamatlyk bersin!
27 Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“».