Bap 21
Negepde ýaşaýan kenganly Aratyň hanyny ysraýyllaryň Atarym ýolundan gelýändigini eşidende, ol ysraýyllar bilen urşup, olaryň birnäçesini ýesir aldy.
2 Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip: «Eger hakykatdan hem, bu halky biziň elimize berseň, olaryň galalaryny Saňa aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok ederis» diýdiler.
3 Reb ysraýyl halkynyň sesini eşitdi. Kenganlylary olaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gyryp, olaryň galalaryny-da bütinleý ýok etdiler. Şondan soň ol ýere Horma diýen at galdy.
4 Onsoň ysraýyllar Hor dagyndan göçüp, Edom ýurdunyň daşyndan aýlanyp ötmek üçin, Gyzyl deňziň ýoly bilen gitdiler. Emma ýolda halk sabyrsyzlyk etdi.
5 Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.
6 Reb muňa jogap edip, halkyň arasyna zäherli ýylanlar iberdi. Olaryň zäherinden ysraýyllardan köp adam öldi.
7 Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.
8 Reb Musa: «Bir zäherli ýylanyň şekilini ýasa we ony uzyn syrygyň ujuna berkit. Ýylan çakan adam oňa bakan badyna sagalar» diýdi.
9 Onsoň Musa sap bürünçden ýylan ýasap, ony syrygyň ujuna berkitdi. Her bir ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalyp, diri galardy.
10 Ysraýyllar göçdüler we gelip, Obotda düşlediler.
11 Soňra Obotdan göçüp, Mowabyň gündogaryndaky çöllükde, Iýeý Abarymda düşlediler.
12 Ol ýerden hem Zeret deresine göçüp bardylar.
13 Ol ýerden hem göçüp, Arnon jülgesiniň aňyrsynda, amorlaryň serhedinden bäri ýaýylyp ýatan çöllükde düşlediler. Arnon jülgesi Mowap bilen Amoryň arasyndan geçýän Mowabyň serhedi bolup hyzmat edýärdi.
14 Şeýdip, «Rebbiň söweşleri kitabynda» Supa ülkesindäki Wahep galasy hakynda, Arnon dereleriniň ýapgytlary hakynda, Mowabyň serhediniň boýy bilen Ar galasyna çenli ýaýylýan bu dereleriň ýapgytlary hakynda hem ýatlanylýar.
16 Ysraýyllar ol ýerden Beýere, Rebbiň Musa: «Halky bir ýere ýygna, olara suw berjek» diýen guýusyna tarap ýola düşdüler.
17 Şonda olar şu aýdymy aýtdylar: «Suwlaryň joşsun, eý guýy! Munuň şanyna aýdym aýdalyň!
18 Patyşalyk hasasy bilen, Soltanlyk naýzasy bilen, Baştutanlaryň açdy bu guýyny, Halk şazadalary gazdy bu guýyny». Olar çöllükden Matana çenli,
19 Matanadan Nahalyýele çenli, Nahalyýelden Bamota,
20 Bamotdan bolsa çölüň üstüne abanyp duran Pisga dagynyň depesi bilen Mowap topragynda ýerleşýän jülgä çenli gitdiler.
21 Soňra ysraýyllar amorlaryň hany Sihona ilçiler ýollap, şeýle diýdiler:
22 «Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içine sowulmarys ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Biz tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, diňe şaýoldan ýöräris».
23 Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge ysraýyllara rugsat bermedi. Ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi.
24 Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä ammonlaryň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonlaryň serhedi bolsa güýçli goralýardy.
25 Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar.
26 Heşbon galasy amorlaryň hany Sihonyň paýtagt galasydy. Sihon Mowabyň öňki hany bilen urşup, onuň Arnona çenli bolan ähli ýerlerini basyp alypdy.
27 Bu hakda bagşylar şeýle diýýärler: «Heşbona geliň, goý, ol gurulsyn, Goý, Heşbon galasy dikeldilsin.
28 Çünki Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy. Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady, Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol.
29 Waý, saňa eý Mowap! Siz heläk bolduňyz, eý Kemoş halky! Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi, Gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular.
30 Şeýdip, biz olary ýer bilen ýegsan etdik. Heşbondan Dibona barýançak gyryldylar. Meýdeba uzalýan Nopa çenli olary ýok etdik».
31 Şunlukda, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ornaşdylar.
32 Musa Ýagser galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar.
33 Soňra ysraýyllar Başan ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdiler. Başan hany Og ysraýyllar bilen söweşmek üçin, Edreý galasynda ähli urşujylary bilen olaryň garşysyna çykdy.
34 Reb Musa: «Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et» diýdi.
35 Ysraýyllar Ogy, onuň ogullaryny we bütin goşunyny ýekeje adam goýman gyryp, onuň ýurduny eýelediler.