Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 34

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir.
3 Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Duz deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr.
4 Soňra serhet Içýan geçidiniň günortasyndan öwrülip, Sin çölüne geçer. Ondan Kadeşbarneýanyň günortasyna çenli, Hasaradara tarap uzalyp, Asmona tarap geçer.
5 Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ýerorta deňzine baryp ýeter.
6 Ýerorta deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar.
7 Siziň demirgazyk araçägiňiz şeýle bolar: Ýerorta deňzinden Hor dagyna çenli aralykda öz serhediňizi bellärsiňiz.
8 Hor dagyndan Lebohamada çenli öz serhediňizi bellärsiňiz we serhet ondan soň Sedat galasynyň içinden geçer.
9 Araçäk Sedatdan gündogara Ziprona tarap uzalyp, onuň bir ujy Hasareýnana ýeter. Bu siziň demirgazyk serhediňiz bolar.
10 Gündogar serhediňiz demirgazykda Hasareýnandan başlanyp, günorta Şepama tarap uzalyp gider.
11 Serhet Şepamdan Aýynyň gündogar gapdalyndaky Ribla tarap öwrülip, Kinneret deňziniň gündogar ýapgydyna çenli baryp ýeter.
12 Soňra serhet Iordanyň boýy bilen aşaklygyna gidip, onuň çeti Duz deňze baryp ýeter. Daş-töwereginde şeýle serhetleri bolan bu ýurt siziň ýurduňyz bolar“».
13 Musa ysraýyllara buýruk berip, şeýle diýdi: «Rebbiň dokuz tirä we ýarym tirä bermegi emr eden, siziň bije atyp paýlaşmaly mülk alan topragyňyz şudur.
14 Ruben, gat tireleri we manaşe tiresiniň ýarysy uruglaryna görä özleriniň mülküni eýýäm aldylar.
15 Bu iki tire we ýarym tire özlerine mülki Iordanyň aňyrsyndan, Ýerihonyň gündogaryndan aldylar».
16 Reb Musa şeýle diýdi:
17 «Ýeri size mülk edip paýlap berjek adamlar, ine şulardyr: ruhany Elgazar we Nunuň ogly Ýeşuwa.
18 Mülki paýlamak üçin her tireden bir adamy ýolbaşçy hem saýlaň.
19 Ýolbaşçy saýlanmaly adamlar şulardyr: ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep.
20 Şimgon tiresinden Ammyhudyň ogly Şamuwal.
21 Benýamin tiresinden Kislonyň ogly Elidat.
22 Dan tiresinden Ýoglynyň ogly Buky serdar.
23 Ýusubyň nesilleri: manaşe tiresinden Eýpotyň ogly Hannyýel serdar.
24 Efraýym tiresinden Şiptanyň ogly Kemuwal serdar.
25 Zebulun tiresinden Parnagyň ogly Elisapan serdar.
26 Ysakar tiresinden Azanyň ogly Paltyýel serdar.
27 Aşer tiresinden Şelomynyň ogly Ahyhut serdar.
28 Naftaly tiresinden Ammyhudyň ogly Pedahel serdar».
29 Rebbiň Kengan ýurdunda ysraýyllara mülk paýlap bermegi emr eden adamlary şulardan ybaratdy. ‎