Bap 35
Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler.
3 Bu galalar lewileriň ýaşamagy üçindir. Galalaryň töweregindäki öri meýdanlary bolsa lewileriň sürüleri we ähli mal-garalary üçindir.
4 Galanyň diwaryndan çar tarapa müň tirsek aralyk goýup, onuň gündogar we günorta taraplaryny iki müň tirsek, günbatar we demirgazyk taraplaryny-da iki müň tirsek edip, lewilere beriljek galalaryň öri meýdanlaryny dörtburç şekilinde ölçäň».
6 «Lewilere berýän galalaryňyzyň altysy gaçybatalga galalary bolsun. Bulardan başga ýene kyrk iki galany lewilere beriň.
7 Lewilere öri meýdanlary bilen birlikde jemi kyrk sekiz gala beriň.
8 Olara berjek galalaryňyz tire paýy görnüşinde bolsun. Galalary köp bolan uly ysraýyl tiresinden köp gala, galalary az bolan kiçiräk tireden bolsa az gala alnyp, her tire öz mülk paýyna görä lewilere bersin».
9 Soňra Reb Musa şeýle diýdi:
10 «Ysraýyllara aýt, Iordan derýasyndan geçip, Kengan topragyna gireniňizde,
11 özüňiz üçin gaçybatalga galalaryny saýlaň. Tötänlikde adam öldüren ganhor, goý, şol ýere gaçsyn.
12 Bu galalar ganhora jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolup hyzmat etsin.
13 Özüňiz üçin jemi alty sany gaçybatalga galasyny belläň:
14 olaryň üçüsi Iordan derýasynyň gündogar tarapynda, üçüsi hem Kengan topragynda bolsun.
15 Bu alty gala ysraýyllara we araňyzda ýaşaýan gelmişeklere, göçüp gelenlere gaçybatalga bolup hyzmat etsin. Tötänlikde adam öldürip, ganhor bolan adam ol ýere gaçyp biler.
16 Eger-de biri demirden ýasalan zat bilen başga birini urup öldürse, ol adam ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun.
17 Eger biri adama degende öldürip biljek daş bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun.
18 Ýa-da biri adama degende öldürip biljek agaç bölegi bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun.
19 Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin.
20 Şunuň ýaly-da, eger biri başga bir adamy ýigrenýändigi üçin itekläp ýa-da başga biri bukuda ýatyp, oňa tarap bir zat zyňyp öldürse,
21 ýa-da duşmançylykdan ony eli bilen urup öldürse, onda ony öldüren adam ölüme höküm edilsin. Ol adam ganhordyr, öldürileniň hossary ganhory duşan ýerinde öldürsin.
22 Emma biri duşmançylyk etmezden, bir adamy duýdansyzlykda itip goýberse ýa-da bukuda ýatyp peýlemezden, oňa tarap bir zat zyňyp goýberse,
23 ýa-da adama degende öldürip biljek daşy seretmän zyňyp, tötänlikde bir adamyň ganyna galsa, öldüren bilen öleniň arasynda duşmançylyk bolmandygyna we öldüreniň oňa şikes ýetirmek islemändigine garamazdan,
24 ganhor bilen öldürileniň hossarynyň arasyndaky dawany şu kada-kanunlar boýunça jemagat çözsün.
25 Jemagat öldürileniň hossarynyň elinden ganhory halas etsin we ony başdaky gaçyp baran gaçybatalga galasyna ugratsyn. Depesine mukaddes ýag bilen çalnan baş ruhany ölýänçä, ganhor şol ýerde bolmalydyr.
26 Emma ganhor ilki gaçyp baran gaçybatalga galasynyň çäginden daşa çyksa
27 we öldürileniň hossary ony tapyp öldürse, öldürileniň hossary ganhor saýylmaly däldir.
28 Çünki ganhor baş ruhany ölýänçä, gaçybatalga galasynyň daşyna çykmaly däldir. Ol diňe baş ruhany ölenden soň, öz öýüne gaýdyp biler.
29 Bular siz nirede ýaşasaňyz-da, nesiller boýy size parz we höküm bolsun.
30 Eger bir adam başga bir adamy öldürse, şaýatlaryň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilsin, emma bir şaýadyň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilmeli däldir.
31 Ölüm jezasyna höküm edilen ganhoryň janynyň öwezine hun alynmasyn, ganhor öldürilmelidir.
32 Gaçybatalga galasyna gaçyp baran biriniň baş ruhany ölmezden öň öz topragyna gaýdyp barmagy üçin ondan töleg almaň.
33 Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar.
34 Meniň mekan tutan topragymy, ýagny öz ýaşaýan ýeriňizi haramlamaň. Çünki ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan Reb – Mendirin».