Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 17

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara öz tire baştutanlarynyň hemmesinden, ýagny her tireden bir hasa – jemi on iki hasa ýygnap, olary saňa getirip bermeklerini tabşyr. Olaryň hersiniň atlaryny öz hasalaryna ýazyp goý.
3 Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz. Çünki her tire baştutany üçin bir hasa bolmalydyr.
4 Hasalary getirip, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Maňa ýüz tutulýan çadyrdaky Äht sandygynyň öňünde goý.
5 Meniň saýlan adamymyň hasasy gögerer, şeýdip, Men ysraýyllaryň sizden närazylyklarynyň soňuna çykaryn».
6 Musa Rebbiň sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olaryň tire baştutanlarynyň hemmesi hasalaryny, her tire üçin bir hasany – jemi on iki hasany Musa berdiler. Harunyň hasasy-da şolaryň arasyndady.
7 Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy.
8 Ertesi gün Musa äht çadyryna girdi, görse, ine, lewi tiresiniň beren, Harunyň ady ýazylan hasasy, hakykatdanam, gögeren eken. Onda pyntyklar, güller we ýetişen badamlar bardy.
9 Onsoň Musa hasalary Rebbiň huzuryndan alyp, ähli ysraýyllaryň öňüne çykardy. Olar bu ahwalata syn etdiler we her kim öz hasasyny aldy.
10 Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».
11 Musa hemme zady edil Rebbiň buýruşy ýaly etdi.
12 Ysraýyllar Musa: «Onda biziň işimiz gaýdypdyr! Biziň barymyz heläk bolarys!
13 Kim Rebbiň mukaddes çadyryna golaýlaşsa, ol öler. Şeýdip, indi biziň hemmämiz gyrylaýmalymy?» diýdiler. ‎