Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 27

Onsoň Selophadyň gyzlary öňe çykdylar. Selophat Heperiň ogly, Gilgadyň agtygy, Makyryň çowlugy, Ýusubyň ogly Manaşeniň ýuwlugydy. Ol Manaşeniň urugyndandy. Onuň gyzlarynyň atlary Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady.
2 Olar gelip, Musanyň, ruhany Elgazaryň, baştutanlaryň we bütin halkyň öňünde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durup:
3 «Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady.
4 Ogly bolmanlygy üçin, kakamyzyň ady öz urugynyň arasyndan ýitip gidäýmelimi? Kakamyzyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan bize-de mülk beriň» diýdiler.
5 Musa bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi.
6 Reb Musa şeýle jogap berdi:
7 «Selophadyň gyzlarynyň diýýäni dogry, sen hökman olara kakalarynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan mülk ber hem-de kakalarynyň ýer paýyny olara geçir.
8 Ysraýyllara-da aýt, eger bir adam ölse we onuň yzynda ogly galmasa, onda onuň mülki gyzyna geçirilmelidir.
9 Eger onuň gyzy hem bolmasa, onda onuň mülki doganlaryna berilsin.
10 Eger onuň doganlary-da bolmasa, onda mülki atasynyň doganlaryna berilsin.
11 Eger atasynyň doganlary-da bolmasa, onda mülki öz urugyndan oňa iň ýakyn bolan garyndaşyna berilsin. Men Rebbiň Musa buýruşym ýaly, ysraýyllara şeýle düzgün parz bolsun».
12 Reb Musa şeýle diýdi: «Abarym daglarynyň aralygynda ýerleşýän şu dagyň depesine çyk-da, Meniň ysraýyllara berýän ýurduma syn et.
13 Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň.
14 Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Meriba-kadeş çeşmesidir.)
15 Musa Rebbe:
16 «Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin.
17 Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.
18 Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Depesinde Ruhum bolan Nunuň ogly Ýeşuwany alyp gel we elleriňi onuň üstünde goý.
19 Ony ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzyp, olaryň gözüniň alnynda ony halka ýolbaşçy belle.
20 Bütin ysraýyl halky tabyn bolar ýaly, oňa öz ygtyýarlyklaryňdan ber.
21 Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».
22 Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. Ol Ýeşuwany getirip, ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzdy.
23 Onsoň ellerini Ýeşuwanyň depesinde goýup, Rebbiň özüne aýdyşy ýaly, ony halkyň ýolbaşçysy belledi. ‎