Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 2

Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl tireleri düşlände, hersi öz düşelgesinde öz uruglarynyň tugy astynda çadyrlaryny diksinler. Olar çadyrlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan uzagrakda gursunlar.
3 Ýahuda goşunlary mukaddes çadyryň gündogarynda öz tugy astynda düşelgesini gursun. Ýahudalaryň baştutany Amynadabyň ogly Nahşondyr.
4 Onuň goşunynda hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adamdyr.
5 Onuň ýanynda ysakar tiresiniň düşelgesi bolsun. Ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netaneldir.
6 Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adamdyr.
7 Onuň gapdalynda zebulun tiresi çadyryny diksin. Zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýapdyr.
8 Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adamdyr.
9 Ýahuda düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz segsen alty müň dört ýüz adam. Ýörişe ilkinji bolup şolar çyksynlar.
10 Günorta gapdalynda, öz tugy astynda ruben goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisurdyr.
11 Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adamdyr.
12 Onuň ýanynda şimgon tiresiniň düşelgesi bolsun. Şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýeldir.
13 Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adamdyr.
14 Onuň gapdalynda gat tiresi çadyryny diksin. Gatlaryň baştutany Reguwalyň ogly Elýasapdyr.
15 Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adamdyr.
16 Ruben düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz elli bir müň dört ýüz elli adam. Olar ýörişe ikinji bolup çyksynlar.
17 Lewileriň düşelgesi Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen bilelikde beýleki düşelgeleriň ortasynda ýöremelidir. Edil düşleýişleri ýaly, her bir adam öz ornunda, öz tugy astynda ýörişe çyksyn.
18 Günbatar gapdalynda, öz tugy astynda efraýym goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Efraýymlaryň baştutany Ammyhudyň ogly Elişamadyr.
19 Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adamdyr.
20 Onuň ýanynda manaşe tiresiniň düşelgesi bolsun. Manaşeleriň baştutany Pedahsuryň ogly Gamlyýeldir.
21 Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adamdyr.
22 Onuň gapdalynda benýamin tiresiniň düşelgesi bolsun. Benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydandyr.
23 Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adamdyr.
24 Efraýym düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz sekiz müň bir ýüz adam. Olar ýörişe üçünji bolup çyksynlar.
25 Demirgazyk gapdalynda, öz tugy astynda dan goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Danlaryň baştutany Amyşadaýyň ogly Ahygezerdir.
26 Onuň goşunynda hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adamdyr.
27 Onuň ýanynda aşer tiresiniň düşelgesi bolsun. Aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldir.
28 Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adamdyr.
29 Onuň gapdalynda naftaly tiresiniň düşelgesi bolsun. Naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahyradyr.
30 Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adamdyr.
31 Dan düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz elli ýedi müň alty ýüz adam. Olar iň soňky bolup, hersi öz tugy astynda ýörişe çyksynlar».
32 Ysraýyllaryň uruglaryna görä hasaba alnanlarynyň jemi şeýledi. Düşelgelerdäki hasaba alnan goşunyň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.
33 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, lewiler beýleki ysraýyllaryň arasynda hasaba alynmady.
34 Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar. ‎