Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 18

Reb Haruna şeýle diýdi: «Sen, seniň ogullaryň we urugyňyz bilen bilelikde mukaddes zatlar bilen baglanyşykly edilen hata işlere jogapkär bolarsyňyz. Ruhanyçylyga degişli bolan işlerde hata goýberilse, oňa diňe sen öz ogullaryň bilen bile jogapkär bolarsyň.
2 Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir.
3 Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz.
4 Ýüz tutulýan çadyryň işini ýerine ýetirmäge onuň ähli hyzmatyny etmäge sen jogapkär bolarsyň. Başga bir keseki size ýakynlaşmasyn.
5 Mundan beýläk ysraýyllaryň depesinden gazabym inmez ýaly, mukaddes ýeriň we gurbanlyk sypasynyň işlerini siziň özüňiz ediň.
6 Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir.
7 Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».
8 Reb Haruna şeýle diýdi: «Maňa berlen sadakalara göz-gulak bolmagy saňa tabşyrdym. Ysraýyllaryň ähli mukaddes sowgatlaryny ruhanyçylyk paýyňyz hökmünde saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berdim.
9 Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir.
10 Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir.
11 Ine, bular hem siziňkidir: hödür edilen sowgatlary we ysraýyllaryň göterme sadakasy hökmünde berlen sadakalary Men saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý edip berdim. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam olardan iýip biler.
12 Olaryň Rebbe hödür edýän iň oňat zeýtun ýagyny, iň oňat şerabyny we bugdaýyny, iň oňat önümlerini size berdim.
13 Olaryň topragyndan önen ilkinji hasylyndan Rebbe getirenleriniň hemmesi siziňki bolar. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam ondan iýip biler.
14 Ysraýylda Rebbe aýry goýlan hemme zat seniňki bolar.
15 Ynsan bolsun, haýwan bolsun parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň.
16 Çagalar bir aýlyk bolanda, yzyna satyn almak bahasy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen on mysgal kümüş bolsun.
17 Ýöne sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlary üçin töleg alma, olar mukaddesdirler. Olaryň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpip, ýagyny-da Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde otda ýak.
18 Göterme sadakasynyň döşi we sag budy ýaly, sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlarynyň eti hem seniňkidir.
19 Ysraýyllaryň Rebbe hödür edýän ähli mukaddes sadakalaryny saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý hökmünde berdim. Bu seniň we nesilleriň bilen Meniň eden bozulmajak ähtimdir».
20 Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, ýa olaryň arasynda paýyň bolmaz. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mirasyň Mendirin.
21 Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine miras hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim.
22 Mundan beýläk ysraýyllar Rebbe ýüz tutulýan çadyra golaýlaşmasynlar, ýogsam olar günäleri üçin jeza çekip ölerler.
23 Emma Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz.
24 Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim».
25 Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
26 «Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler.
27 Bu olar üçin täze harmandan berlen galla ýa-da täze şerap sadakasy bilen deň hasap ediler.
28 Şeýdip, olar hem ysraýyllardan alýan ondan birinden Rebbe sadaka bersinler we Rebbiň sadakasyny ruhany Haruna bersinler.
29 Lewilere berilýän sowgatlardan Rebbiň sadaka paýyny bersinler. Hemmesiniň iň gowusyny Rebbiň mukaddes paýy hökmünde bersinler.
30 Lewilere ýene şuny aýt: daýhanyň sadaka bereninden soň galanyny özüne alşy ýaly, lewiler hem sadakanyň iň gowusyny hödür edenlerinden soň galanyny özlerine alsynlar.
31 Olar we olaryň maşgalalary ony islendik ýerde iýip bilerler. Çünki ol Rebbe ýüz tutulýan çadyrda lewileriň edýän hyzmatynyň hakydyr.
32 Onuň iň gowusyny sadaka bereniňizden soň, ondan iýseňiz, ýazykly bolmarsyňyz. Emma ysraýyllaryň berýän mukaddes sowgatlarynyň iň gowy bölegi sadaka berilmänkä iýip harama çykarmaň, ýogsam ölersiňiz». ‎