Bap 8
Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Haruna aýt: ol çyralary şemdana oturdanda, olaryň ýagtysy şemdanyň öňüne düşer ýaly edip oturtsyn».
3 Harun şeýle hem etdi. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ol çyralary şemdanyň öňüne ýagty saçar ýaly edip ýerleşdirdi.
4 Şemdanyň gurluşy şeýledi: aýagyndan tä çyra oturdylýan güllerine çenli sap altyndan ýasalandy. Harun şemdany Rebbiň Musa görkezen nusgasy ýaly edip ýasady.
5 Reb Musa şeýle diýdi:
6 «Ysraýyllaryň arasyndan lewileri bölüp aýyr-da, olary tämizle.
7 Olary tämizlemek üçin şeýle et: Olaryň üstüne tämizlik suwuny syçrat, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler.
8 Soňra olar bir öküzçe bilen galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý ununy alsynlar. Sen hem günä gurbanlygy üçin bir öküzçe al.
9 Onsoň lewileri Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirip, bütin ysraýyl jemagatyny ýygna.
10 Lewileri Rebbiň huzuryna getiren mahalyň, ysraýyllar ellerini lewileriň kellesine goýsunlar.
11 Harun lewileri ysraýyllaryň berýän göterme sadakasy hökmünde Rebbe bagyş etsin. Şonda olar Rebbiň hyzmatyny edip bilerler.
12 Onsoň lewiler ellerini öküzçeleriň kellesine goýsunlar. Olaryň birini günä gurbanlygy üçin, beýlekisini-de lewileri günäsinden saplamak üçin, ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.
13 Soňra lewileri Harunyň ogullarynyň öňünde duruzyp, olary Rebbe bagyş et.
14 Şeýdip, sen lewileri ysraýyllaryň arasyndan saýlap alarsyň, indi olar Rebbiňki bolarlar.
15 Sen lewileri tämizläp, olary Rebbe bagyş edeniňden soň, olar Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek üçin içeri girip bilerler.
16 Çünki ysraýyllaryň arasynda olar indi bütinleý Rebbe degişlidirler. Reb lewileri ähli ysraýyl aýallarynyň ilkinji dogran ogullarynyň öwezine Özüne aldy.
17 Çünki ysraýyllaryň arasynda haýwan bolsun, ynsan bolsun parhy ýok, ilkinji doglanlar Rebbiňkidir. Müsür ýurdunda nowbahar ogullary gyran güni, Reb olary Özüne bagyş etdi.
18 Ol lewileri bolsa ysraýylyň nowbahar ogullarynyň öwezine tutuşlygyna Özüne aldy.
19 Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».
20 Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler.
21 Lewiler özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwdular. Onsoň Harun olary göterme sadakasy hökmünde Rebbiň huzurynda hödür etdi we tämizlemek üçin, olary günälerinden saplady.
22 Şondan soňra lewiler Harunyň we onuň ogullarynyň ygtyýarlygynda Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmäge girdiler. Olar lewiler hakda edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler.
23 Reb Musa şeýle diýdi:
24 «Lewilere degişli düzgün şeýledir: ýaşy ýigrimi bäş we ondan ýokary bolanlar Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny etmelidirler.
25 Elli ýaşdan soň olar hyzmatdan boşadylmalydyrlar we mundan beýläk gulluk etmeli däldirler.
26 Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyry goramak keşigini çekýän öz lewi doganlaryna kömek edip bilerler. Ine, sen şeýdip, lewileriň ýerine ýetirýän borçlaryny şunuň ýaly kadalaşdyrgyn».