Bap 12
Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiýopiýadandy.)
2 Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi.
3 Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.
4 Birdenkä Reb Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem Maňa ýüz tutulýan çadyra geliň» diýdi. Onsoň olaryň üçüsi-de ol ýere gitdiler.
5 Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar.
6 Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.
7 Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.
8 Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“»
9 Olara garşy Rebbiň gahary geldi we Reb ol ýerden gitdi.
10 Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi.
11 Onsoň Harun Musa: «Jenabym, akmaklyk edip gazanan günämiz üçin bizi jezalandyrma.
12 Merýemiň bedeni ýarysy çüýrän halda eneden öli doglan çaganyňka meňzemesin» diýdi.
13 Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy.
14 Emma Reb Musa: «Eger atasy onuň ýüzüne tüýküren bolsady, ol ýedi günläp utançly halda bolmazmydy? Goý, ol ýedi günläp düşelgäniň daşynda bolsun. Ol soňra ýene düşelgä girip biler» diýip jogap berdi.
15 Şeýdip, Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda saklanyldy. Ol düşelgä girizilýänçä, halk ol ýerden göçmedi.