Bap 5
Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara buýruk ber: ýokançly deri we akma kesellini ýa-da ölä galtaşyp haram bolany,
3 erkek kişimi ýa aýal parhy ýok, Ysraýyl düşelgesini haram etmez ýaly, düşelgeden hökman çykaryň, çünki olaryň arasynda Men ýaşaýaryn».
4 Ysraýyllar şeýle hem etdiler, olary düşelgeden çykardylar. Rebbiň Musa diýenleriniň ählisini ysraýyllar berjaý etdiler.
5 Reb Musa şeýle diýdi:
6 «Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa-da aýal bir adamyň garşysyna günä etse we Rebbe dönüklik edip, günä gazansa,
7 ol eden günäsini boýun alsyn we günäsi üçin hun tölesin. Ýene onuň üstüne hunuň bäşden bir bölegini goşup, jebir çeken kişä bersin.
8 Eger jebir çeken ölse we hun almaga hossary bolmasa, onda edilen günä üçin tölenen hun Rebbe bagyş edilip, ruhana berilsin. Bu günäkäriň günäsini saplamak üçin, goçuň üstesine berilsin.
9 Ysraýyllaryň ähli mukaddes sadakalarynyň arasyndan getirilen her bir sadaka ruhanyňkydyr.
10 Hemmäniň berýän mukaddes sadakalary ruhanyňkydyr, kim näme berse ruhanyňkydyr».
11 Reb Musa şeýle diýdi:
12 «Ysraýyllara aýt: eger biriniň aýaly ters ýola düşüp, biwepalyk etse,
13 başga bir adam bilen ýatyp, onam äri bilmese, şeýdibem, aýal günäli bolsa-da, aýyby äşgär bolmasa, garşysyna şaýat tapylmasa we ol bu iş üstünde tutulmasa,
14 äri bolsa was-was keseline uçrap, günäli aýalyna müňkür bolsa ýa-da aýaly günäli bolmasa-da oňa müňkürlik etse,
15 onda äri aýalyny ruhanynyň ýanyna alyp gelsin. Aýaly üçin berilmeli sadakany, ýagny bir batmanyň ondan biri arpa ununy getirsin. Munuň müňkürlik galla sadakasydygy, ýagny etmişi äşgär edýän sadakadygy üçin, unuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn, onuň üstüne ýakymly ysly tütetgi-de goýulmasyn.
16 Onsoň ruhany ol aýaly getirip, Rebbiň huzurynda duruzsyn.
17 Ruhany mukaddes suwdan toýun gaba guýup alsyn we mukaddes çadyryň içinden toprak alyp, suwa guýsun.
18 Ruhany ol aýaly Rebbiň huzurynda duruzyp, onuň saçyny ýaýsyn we onuň goşawujyna müňkürlik sadakasyny, ýagny etmişi ýatladyp durýan aýyplama sadakasyny guýsun. Ruhany öz elinde nälet getirjek ajylyk suwuny saklasyn.
19 Ruhany aýala kasam içirip şeýle diýsin: „Eger sen başga bir adam bilen ýatmadyk bolsaň, öz äriňiň ygtyýaryndakaň günä etmedik bolsaň, onda nälet getirýän bu ajylyk suwy saňa zeper ýetirmesin“.
20 Ruhany aýala nälet antyny içirip şeýle diýsin: „Emma sen öz äriňiň ygtyýaryndakaň ters ýola düşüp, günäli bolsaň we başga adam bilen ýatan bolsaň, Reb seni Öz halkyňyň arasynda ýigrenje we gargyşa sezewar etsin. Goý, Reb seniň uýat ýeriňi guratsyn, garnyň çişip gitsin.
22 Bu nälet getirýän suw seniň içiňe ornap, garnyňy çişirsin, uýat ýeriňi guratsyn!“ Aýal hem „Omyn. Omyn“ diýsin.
23 Onsoň ruhany bu nälet sözlerini ýazyp, ony ajylyk suwunda ýuwsun.
24 Nälet getirýän ajylyk suwuny aýala içirmeli. Nälet getirýän ajylyk suwy aýalyň içine ornap, güýçli agyry döreder.
25 Ruhany müňkürlik sadakasyny aýalyň elinden alyp, ony Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn we gurbanlyk sypasyna alyp gelsin.
26 Onsoň ruhany Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde, galla sadakasyndan bir goşawujyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Soňra aýala suwy içirsin.
27 Aýala suwy içirenden soň, eger aýal günäli bolup, ärine biwepalyk eden bolsa, nälet getirýän suw onuň içine ornap, güýçli agyry döreder. Ol aýalyň uýat ýeri gurar, garny çişer.
28 Emma aýal günäli bolman tämiz bolsa, oňa hiç hili zeper etmez we ýene-de çaga dogrup biler.
29 Aýal öz äriniň ygtyýaryndaka ters ýola düşüp, özüniň günälidigine müňkür bolan ýagdaýynda kanun şudur.
30 Ýa-da äri was-was keseline uçrap, aýalyna müňkürlik edip başlasa, onda ol aýalyny Rebbiň huzuryna getirsin we ruhany aýal babatda bu kanuny ulansyn.
31 Erkek adam ýazykly bolmaz, emma aýal welin eden günäsi üçin jezasyny çeksin».