Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 3

Rebbiň Sinaý dagynda Musa bilen gepleşen wagty Harunyň we Musanyň nesilleri şulardy:
2 Harunyň dört ogly bardy, olaryň atlary şulardyr: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar. Nadap onuň nowbahar ogludy.
3 Harunyň ogullaryndan ruhanyçylyga bellenip, bagyş edilenleri şulardyr.
4 Emma Nadap bilen Abyhu Sinaý çölünde mukaddes bolmadyk ody Rebbiň huzurynda hödür edendikleri üçin öldüler. Olardan zürýat galmady. Elgazar bilen Ytamar bolsa atalary Harunyň ýaşan döwründe ruhany bolup hyzmat etdiler.
5 Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
6 «Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler.
7 Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çekerler.
8 Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň ähli esbaplaryna gözegçilik etsinler.
9 Lewileri Harunyň we onuň nesilleriniň ygtyýaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Harunyň ygtyýaryna doly berlendir.
10 Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».
11 Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
12 «Men ysraýyllaryň arasyndan lewileri olaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir,
13 çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men – Rebdirin».
14 Soňra Sinaý çölünde Reb Musa:
15 «Lewileriň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň hemmesini uruglaryna we kowumlaryna görä ýazyp hasaba al» diýdi.
16 Onsoň Musa Rebbiň sözüne görä olary özüne buýrulyşy ýaly hasaba aldy.
17 Lewi ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat, Merary.
18 Uruglaryna görä Gerşonyň ogullarynyň atlary şulardyr: Libni we Şimgi.
19 Uruglaryna görä Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel.
20 Uruglaryna görä Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Kowumlaryna görä lewi uruglary şulardyr.
21 Gerşondan libni we şimgi uruglary gelip çykandyr, bularyň ikisi hem Gerşonyň uruglarydyr.
22 Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany ýedi müň bäş ýüz adam boldy.
23 Gerşon uruglary mukaddes çadyryň ýeňsesinde, günbatar gapdalynda çadyr dikmelidiler.
24 Gerşon uruglarynyň baştutany Laýeliň ogly Elýasapdy.
25 Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara jogapkärdirler: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja,
26 haýatyň perdelerine, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýatyň derwezesiniň ýapynjasyna, onuň zynjyrlaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara.
27 Kohatdan amram, ýishar, hebron, uzyýel uruglary gelip çykandyr, bularyň bary Kohadyň uruglarydyrlar.
28 Bularyň ýaşy bir aýlyk we ondan ýokary bolan erkek göbeklileriniň sany sekiz müň alty ýüz boldy. Bular mukaddes zatlary goramaklyga jogapkärdirler.
29 Kohat uruglary mukaddes çadyryň günorta gapdalynda düşlemelidiler.
30 Kohat uruglarynyň baştutany Uzyýeliň ogly Elisapandy.
31 Olar gorag hyzmatlaryndan şulara jogapkärdirler: sandyga, hantagta, şemdana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara.
32 Ruhany Harunyň ogly Elgazar lewi baştutanlarynyň başlygydy we mukaddes zatlara jogapkärçilik çekýän lewileriň üstünden garaýardy.
33 Merarydan mahly we muşy uruglary gelip çykandyr. Bularyň ikisi hem Merarynyň urugydyr.
34 Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany alty müň iki ýüz boldy.
35 Merary uruglarynyň baştutany Abyhaýyl ogly Suryýeldi. Olar mukaddes çadyryň demirgazyk tarapynda düşlemelidiler.
36 Merary ogullary mukaddes çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara jogapkärdirler: onuň çarçuwalaryna, taýaklaryna, sütünlerine, aýaklaryna, ähli esbaplaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara.
37 Şeýle hem haýatyň daşyndaky sütünleriň aýaklary, gazyklary we zynjyrlary bilen bile olara tabşyryldy.
38 Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.
39 Rebbiň buýrugyna görä, Musa bilen Harunyň uruglaryna görä hasaba alan, bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan lewileriň erkek göbeklileriniň sany ýigrimi iki müň boldy.
40 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýylyň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan ähli nowbahar ogullaryny ýekeme-ýeke sana we ýazga geçir.
41 Olaryň deregine lewileri Meniň üçin – Reb üçin kabul et, olaryň mallaryny bolsa ysraýyllaryň ilkinji doglan mallarynyň öwezine kabul et».
42 Şeýdip, Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň ählisini hasaba aldy.
43 Atlary bilen hasaba alnan bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriň jemi sany ýigrimi iki müň iki ýüz ýetmiş üç boldy.
44 Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
45 «Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine bolsa lewileriň mallaryny kabul et. Lewiler Meniňkidir, Men – Rebdirin.
46 Ysraýylyň nowbahar ogullary lewilere garanda iki ýüz ýetmiş üç adam artykmaç boldy. Olary satyn almak üçin,
47 adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen on mysgal kümüş al.
48 Lewileriň sanyndan artykmaçlary satyn almaga tölenen puly Haruna we onuň ogullaryna ber».
49 Şeýdip, Musa lewileriň sanyndan artyk bolanlaryň öwezine töleg pullaryny aldy.
50 Ysraýylyň nowbahar ogullaryndan mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ol bir put kümüş aldy.
51 Onsoň Rebbiň buýrup aýdyşy ýaly, Musa töleg pullaryny Haruna we onuň ogullaryna berdi. ‎