Bap 19
Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Rebbiň buýran kanunyndaky parz şudur: ysraýyllar size gurat, şikessiz, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir gyzyl sygyr getirsinler.
3 Ony siz ruhany Elgazara berersiňiz. Sygry Ysraýyl düşelgesiniň daşyna alyp çykyp, Elgazaryň öňünde soýsunlar.
4 Ruhany Elgazar onuň ganyna barmagyny batyryp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne tarap ýedi gezek syçratsyn.
5 Soňra sygyr derisi, eti, gany we içgoşy bilen bilelikde Elgazaryň gözüniň alnynda ýakylsyn.
6 Ruhany bir bölek kedr agajyny, ýowşan, gyzyl reňkli sapak alsyn-da, olary sygry ýakyp duran oda atsyn.
7 Onsoň ruhany geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün, şondan soň ol Ysraýyl düşelgesine girip biler. Emma ol agşama çenli haramdyr.
8 Sygry oda ýakan adam hem geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün. Ol hem agşama çenli haramdyr.
9 Onsoň sygryň külüni tämiz adamlaryň biri ýygnap alyp, düşelgäňiziň daşynda halal ýerde goýsun. Bu kül ysraýyl halky üçindir, ol tämizlik suwy üçin saklansyn. Bu günä gurbanlygynyň bir görnüşidir.
10 Sygryň külüni ýygnan adam geýimlerini ýuwsun, ol agşama çenli haramdyr. Bu ysraýyllar üçin we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin ebedilik düzgündir.
11 Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.
12 Üçünji we ýedinji günlerde ol özüni tämizlik suwy bilen tämizlesin, şonda ol tämizlener. Emma ol özüni üçünji we ýedinji günlerde tämizlemese, tämiz bolmaz.
13 Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr.
14 Eger çadyrda biri ölse, şu kada ulanylsyn: çadyryň içindäki we şol wagt çadyra giren her bir adam ýedi gün haram hasaplansyn.
15 Çadyryň içindäki agzy açyk bolan hemme gaplary murdara çykar.
16 Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar.
17 Murdar saýylan adam üçin ýakylan günä gurbanlygynyň külünden bir gaba salyp, onuň üstüne çeşme suwuny guýuň.
18 Onsoň tämiz adamlardan biri ýowşany suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin.
19 Tämiz adam haram kişileriň üstüne suwy üçünji we ýedinji günler sepelesin. Ýedinji gün olar tämizlenerler. Soňra olar geýimlerini ýuwsunlar we suwa düşsünler, agşama çenli olar tämizlenerler.
20 Emma haram bolubam özüni tämizlemeýänler jemagatyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Çünki olar Rebbiň mukaddes öýüni murdar edendirler. Olaryň üstüne tämizlik suwunyň Sepilmändigi üçin, olar haramdyrlar.
21 Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr.
22 Haram adamyň her bir ellän zady-da murdar bolar. Haram adamy ellän kişi-de agşama çenli haramdyr».