Bap 10
Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Özüňe döwme sap kümüşden iki sany surnaý ýasa. Olary jemagaty çagyrmak we düşelgeleri göçürmek üçin ulanarsyň.
3 Iki surnaý deň çalnanda, bütin jemagat seniň ýanyňa, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnansyn.
4 Eger surnaýlaryň biri çalynsa, onda ysraýyl ýolbaşçylary, ýagny tire baştutanlary seniň ýanyňa ýygnansynlar.
5 Surnaý gysga-gysga çalynsa, gündogar tarapdaky düşelgeler ýola çyksyn.
6 Surnaý ikinji gezek gysga çalynsa, onda günorta tarapdaky düşelgeler ýola düşsün. Düşelgäniň göçmelidigini aňladýan surnaý gysga çalynsyn.
7 Emma jemagaty ýygnamak gerek bolanda, surnaý uzak çalynsyn, gysga çalynmasyn.
8 Surnaýlary ruhany Harunyň ogullary çalsynlar. Bu siziň we geljekki nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.
9 Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder.
10 Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Men siziň Hudaýyňyz – Rebdirin».
11 Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň ikinji aýynda, aýyň ýigrimisi güni mukaddes äht çadyrynyň depesinden bulut göterildi.
12 Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy.
13 Olar ilkinji gezek Rebbiň Musa arkaly beren buýrugy bilen ýola düşdüler.
14 Ýahudalaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ilkinji bolup ýola düşdi. Bu tutuş topara Amynadabyň ogly Nahşon baştutanlyk edýärdi.
15 Ysakar tiresiniň toparyna Sugaryň ogly Netanel baştutanlyk edýärdi.
16 Zebulun tiresiniň toparyna Helonyň ogly Eliýap baştutanlyk edýärdi.
17 Onsoň mukaddes çadyr söküldi we ony göterýän gerşonlar bilen merarylar ýola düşdüler.
18 Soňra rubenleriň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Şedeýuryň ogly Elisur baştutanlyk edýärdi.
19 Şimgon tiresiniň toparyna Suryşadaýyň ogly Şelumyýel baştutanlyk edýärdi.
20 Gat tiresiniň toparyna bolsa Deguwalyň ogly Elýasap baştutanlyk edýärdi.
21 Soňra mukaddes zatlary göterýän kohatlar ýola düşdüler. Bular baryp ýetýänçä, gerşonlar we merarylar mukaddes çadyry dikerdiler.
22 Soňra efraýymlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdüler. Bu tutuş topara Ammyhudyň ogly Elişama baştutanlyk edýärdi.
23 Manaşe tiresiniň toparyna Pedahsuryň ogly Gamlyýel baştutanlyk edýärdi.
24 Benýamin tiresiniň toparyna bolsa Gidgonynyň ogly Abydan baştutanlyk edýärdi.
25 Iň soňunda düşelgeleriň yzky goragy hökmünde danlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Amyşadaýyň ogly Ahygezer baştutanlyk edýärdi.
26 Aşer tiresiniň toparyna Okranyň ogly Pagyýel baştutanlyk edýärdi.
27 Naftaly tiresiniň toparyna bolsa Eýnanyň ogly Ahyra baştutanlyk edýärdi.
28 Ysraýyllar göçenlerinde topar-topar bolup, şu tertipde giderdiler.
29 Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.
30 Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi.
31 Musa oňa: «Bizi taşlap gitme! Çünki çölde düşlejek ýerlerimizi sen gowy bilýärsiň, bize ýolbeletçilik et.
32 Eger biziň bilen gitseň, Rebbiň etjek ýagşylyklaryny biz hem saňa gaýtararys» diýdi.
33 Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.
34 Düşelgeden çykyp ugranlary bäri Rebbiň buludy gündiz olaryň üstündedi.
35 Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi: «Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn, Seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».
36 Äht sandygy saklananda bolsa ol şeýle diýerdi: «Eý, Reb, müňlerçe ysraýyl kowumlaryna sary öwrül!»