Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 22

Ysraýyllar ýola düşüp, Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler.
2 Ysraýyllaryň amorlaryň başyna salan ähli işlerinden Sipor ogly Ballagyň habary bardy.
3 Mowaplylar ysraýyl halkynyň köpdügini görenlerinde, juda gorkdular. Şeýdip, mowaplylar ysraýyllar sebäpli dowla düşdüler.
4 Onsoň mowaplylar Midýan ýaşulularyna şeýle habar ýolladylar: «Öküziň meýdandaky otlary ýalmap-ýuwduşy ýaly, bu gelýän mähelle hem töwerek-daşymyzdaky zatlaryň hemmesini ýalmap-ýuwdar». Ol wagtlar Sipor ogly Ballak Mowabyň patyşasydy.
5 Ballak Begor ogly Bilgamy çagyrmak üçin çaparlar ýollady. Bilgam Perat derýasynyň boýunda, Petorda öz tohum-tijiniň arasynda ýaşaýardy. Ballak Bilgama: «Müsürden bir halk çykyp gelip, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Ynha, indi olar meniň alkymyma dykylyp geldiler.
6 Şonuň üçinem gelip, olary meniň haýryma näletle. Çünki olar menden güýçli, belki şondan soň men olary ýeňip, ýurtdan kowup çykaryp bilerin. Çünki seniň ýalkanyňyň ýalkanýandygyny, näletläniňiň bolsa näletlenýändigini men bilýärin» diýip habar iberdi.
7 Onsoň Mowabyň we Midýanyň ýaşululary ellerine nälet üçin töleg hakyny alyp, Bilgamyň ýanyna gitdiler we Ballagyň habaryny oňa ýetirdiler.
8 Bilgam olara: «Gijäni şu ýerde geçiriň, Reb maňa näme diýse, men ony size ýetirerin» diýdi. Şeýdip, mowaply emeldarlar Bilgamyň ýanynda galdylar.
9 Hudaý Bilgama görnüp: «Seniň ýanyňdaky adamlar kim?» diýip sorady.
10 Bilgam Hudaýa şeýle jogap berdi: «Mowap patyşasy Sipor ogly Ballak maňa şeýle habar iberdi:
11 „Müsürden bir halk çykyp, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Sen gel-de, meniň haýryma olary näletle, belki şondan soň men olaryň garşysyna söweşip bilerin we kowup çykararyn“».
12 Emma Hudaý Bilgama: «Sen bular bilen gitme! Bu halky näletleme, çünki ol halk ýalkanandyr!» diýdi.
13 Bilgam ertesi turup, Ballagyň emeldarlaryna: «Öz ýurduňyza dolanyň, sebäbi Reb maňa siziň bilen gitmäge rugsat bermedi» diýdi.
14 Onsoň mowaply emeldarlar Ballagyň ýanyna dolanyp gelip, oňa: «Bilgam biziň bilen gaýtmaga razy bolmady» diýdiler.
15 Ballak bolsa indi öňkülerden-de has köp we has abraýly emeldarlaryny iberdi.
16 Olar gelip, Bilgama şeýle diýdiler: «Sipor ogly Ballak şeýle diýýär: „Haýyş edýärin, meniň ýanyma gelmekden ýüz öwürmesene.
17 Çünki men seniň sylag-serpaýyňy ýetirip, göwnüňiň islän zadyny bitirerin. Sen diňe gel-de, meniň üçin şol halky näletle“».
18 Bilgam Ballagyň adamlaryna şeýle jogap berdi: «Ballak hatda öz öýüni altyn-kümüşden dolduryp berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, hiç hili uly ýa-da kiçi iş edip bilmerin.
19 Gowusy siz hem bu gije şu ýerde galyň. Men Rebbiň maňa ýene näme diýjegini bileýin».
20 Şol gije Hudaý Bilgama görnüp, oňa: «Eger bu adamlar seni çagyrmak üçin gelen bolsalar, sen olar bilen git, ýöne diňe Meniň aýdanlarymy edersiň» diýdi.
21 Onsoň Bilgam ertesi irden turup, eşegini gaňňalady-da, mowaply emeldarlar bilen ýola düşdi.
22 Bilgam emeldarlar bilen gideninde, Hudaýyň gahary geldi. Onsoň Rebbiň perişdesi Bilgama päsgel bermek üçin, onuň ýolunda durdy. Bilgam eşegini münüp barýardy we onuň iki hyzmatkäri-de ýanyndady.
23 Eşek eli syrylan gylyçly, ýoluň üstünde duran Rebbiň perişdesini gören badyna ýoldan sowlup, atyzyň içine tutdurdy. Bilgam bolsa eşegi ýola çykarjak bolup saýgylamaga başlady.
24 Onsoň Rebbiň perişdesi üzümçiligiň içinden geçýän iki gapdaly diwar bolan darajyk ýodanyň ugrunda peýda boldy.
25 Eşek Rebbiň perişdesini görüp, diwara tarap gysyldy. Bilgamyň aýagy-da diwar bilen aralykda gysylyp galdy we ol ýene-de eşegi saýgylap başlady.
26 Rebbiň perişdesi ýene öňe gidip, indi ýodanyň ne saga, ne-de çepe öwrülip bolýan dar ýerinde peýda boldy.
27 Eşek bu gezek Rebbiň perişdesini görüp, Bilgamyň astynda aşak çöküp ýatyberdi. Muňa Bilgamyň gaty gahary gelip, hasasy bilen ol janawary urmaga başlady.
28 Onsoň Reb eşege dil bitirdi we eşek Bilgama: «Meni üç gezek beýle ýenjer ýaly, men saňa näme etdim?» diýdi.
29 Bilgam eşege: «Sebäbi sen meni däliretdiň! Eger elimde gylyç bolsady, seni häziriň özünde öldürerdim!» diýip jogap berdi.
30 Şonda eşek Bilgama: «Men seniň bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi näme? Heý, mundan ozal şeýle gylyk görkezipmidim?» diýdi. Bilgam: «Ýok» diýip jogap berdi.
31 Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi.
32 Rebbiň perişdesi oňa şeýle diýdi: «Näme üçin sen eşegiňi üç gezek urduň? Men duşman hökmünde saňa päsgel bermek üçin çykdym, sebäbi sen Meniň nazarymda gabahat ýoldan barýarsyň.
33 Eşek Meni gördi we üç sapar Meniň öňümden sowuldy. Eger ol sowulmadyk bolsa, hakykatdan hem Men seni öldürerdim we ony diri galdyrardym».
34 Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi.
35 Rebbiň perişdesi Bilgama: «Bu adamlar bilen git, ýöne diňe Meniň aýt diýen zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Onsoň Bilgam Ballagyň emeldarlary bilen gitdi.
36 Ballak Bilgamyň gelendigini eşidende, ony garşylamak üçin, Arnon jülgesiniň golaýynda, serhediň iň çetki nokadynda ýerleşýän Mowabyň Ar galasyna gitdi.
37 Ballak Bilgama: «Seni çagyrtmak üçin adam ibermedimmi?! Näme üçin sen meniň ýanyma gelmediň? Megerem, özüňe mynasyp hezzet-hormat edip bilmez öýdensiň?» diýdi.
38 Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi.
39 Onsoň Bilgam Ballak bilen ýola çykyp, Kirýathusota geldiler.
40 Ballak öküzleri we goýunlary gurbanlyk berip, olary Bilgama we onuň ýanyndaky emeldarlaryna iberdi.
41 Ertesi gün Ballak Bilgamy alyp, ony Bamotbagala getirdi. Ol ýerden Bilgam ysraýyl halkynyň bir bölegini görüp bilýärdi. ‎