Bap 24
Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy.
2 Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň ruhy indi.
3 Onsoň ol geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, Gözi bilen aýdyň görýän diýýär,
4 Hudaýyň sözlerini eşidýän, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, Ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
5 Eý, Ýakup, çadyrlaryň ne ajap, Eý, Ysraýyl düşelgeleriň ne gözel!
6 Giň jülgeler kimin uzalýar. Derýa kenaryndaky baglar deý uzalyp, Rebbiň eken aloe agaçlary deý, Edil suw boýunda biten kedrler deý görünýär.
7 Ysraýyl meşiginden suwlar çogar. Tohumlary bol suw bilen suwlanar. Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar. Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.
8 Hudaý olary Müsürden Ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar. Olar duşman milletlerini iýip, Süňklerini çeýnärler, Peýkam bilen ýaralarlar.
9 Ysraýyl edil arslan deý, Ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder? Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar, Näletlän näletlener».
10 Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň.
11 Indi bu ýerden güm bol-da, öýüňe git! Men seni oňat sylaglajakdym, emma Reb saňa hiç bir sylagy rowa görmedi».
12 Onda Bilgam Ballaga: «Men seniň ýollan adamlaryňa:
13 „Ballak hatda öz öýüni altyn-kümüşden dolduryp berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym?
14 Ynha, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljekde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.
15 Onsoň Bilgam geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, Gözi bilen aýdyň görýän diýýär.
16 Hudaýyň sözlerini eşidýän, Beýik Alladan bilim alýan, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, Ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
17 Men ony görýän, ýöne häzir däl, Oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.
18 Edom eýeleniler, Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler. Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.
19 Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, Galada diri galanlaryň baryny gyrar».
20 Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, Emma onuň yzy müdimilik ýiter».
21 Onsoň ol kabyllara bakyp, şeýle diýdi: «Siziň mesgeniňiz howpsuz ýerde, Ol gaýanyň depesindäki höwürtge deý amandyr.
22 Emma, eý Kabyl, aşurlar sizi ýesir alanda, Siz ýanyp ýok bolarsyňyz».
23 Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!
24 Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, Olaryň yzy hem müdimilik ýiter».
25 Şondan soň Bilgam öýüne tarap ýola düşdi. Ballak hem öz ýoly bilen gitdi.