Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 14

Onsoň bütin halk gaty ses bilen perýat edip, şol gijäni aglap geçirdi.
2 Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!
3 Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?»
4 Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler.
5 Musa bilen Harun bütin ysraýyl halkynyň öňünde ýüzin ýykyldylar.
6 Ýurdy synlamaga gidenleriň arasynda bolan Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep gynançdan ýaňa ýakalaryny ýyrtyp,
7 bütin ysraýyl halkyna şeýle diýdiler: «Synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz juda gowy ýurt eken.
8 Eger Reb bizden razy bolsa, bizi ol ýurda alyp baryp, süýt we bal akýan ýurdy bize berer.
9 Ýöne siz Rebbiň garşysyna pitne turuzmaň we ol ýurduň ilatyndan gorkmaň. Çünki olar biziň höregimizdir, olaryň goragçysy olardan ýüz dönderdi, ýöne Reb biziň bilendir, olardan gorkmaň».
10 Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy. Şonda Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ähli ysraýyllara Rebbiň şöhraty göründi.
11 Reb Musa şeýle diýdi: «Haçana çenli bu halk Meni äsgermezlik etjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, haçana çenli bular Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?
12 Men bulary gyrgyna bererin we mirasdan mahrum ederin. Senden bulara görä has beýik we has güýçli bir millet dörederin».
13 Musa Rebbe şeýle diýdi: «Onda bu zatlary müsürliler eşiderler, onsoň olar muny biziň barýan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna aýdarlar, çünki bu ysraýyl halkyny Öz gudratyň bilen müsürlileriň arasyndan Sen alyp çykdyň. Bu ýurduň ýaşaýjylary bolsa, ýa Reb, Seniň bu ysraýyl halkynyň arasyndadygyňy, ýa Reb, olar bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigiňi, Seniň buludyňyň olaryň depesindedigini we olara gündizine bulut sütüni, gijesine ot sütüni bolup, ýol görkezýändigiňi eýýäm eşitdiler.
15 Indem Sen, bu halkyň baryny birden gyrgyna berseň, onda Seniň şöhratyňy eşiden milletler:
16 „Reb olary ant içip söz beren ýurduna getirip bilmändigi üçin, olary çölde gyrgyna berdi“ diýip aýdarlar.
17 Şonuň üçin hem, goý, indi Öz söz berip, şu aýdyşyň ýaly, Sen Rebbiň güýji beýik bolsun!
18 Sen diýipdiň: „Men-Reb – giň göwünli, wepaly söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, Olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“.
19 Müsürden çykalymyz bäri, bularyň günälerini bagyşlap gelşiň ýaly, halkyň bu etmişini-de Öz beýik wepaly söýgiňiň hatyrasyna bagyşla».
20 Reb şeýle jogap berdi: «Men seniň aýdyşyň ýaly bulary bagyşlaryn.
21 Ýöne Men barlygymdan we Öz şöhratymyň bütin dünýäni dolduranlygyndan kasam edýärin:
22 Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun sunmadyklaryň hiç biri
23 atalaryna bermegi ant içip söz beren ýurduma girmez. Meni äsgermezlik edenleriň ýekejesi-de ony görmez.
24 Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn. Onuň nesilleri ony eýelärler.
25 Indi bolsa amalekler bilen kenganlaryň jülgelerde ýaşaýandyklary üçin, ertiriň özünde öwrülip, Gyzyl deňziniň ýoly bilen çöle tarap ýola düşüň».
26 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
27 «Haçana çenli bu azgyn halk Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim.
28 Olara aýt, Öz barlygymdan ant içip aýdýaryn, Men siziň nalap aýdan zatlaryňyzyň baryny öz başyňyza getirerin.
29 Şu çölde läşiňizi sererin. Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolup, Menden nalanlar ilat sanawynda hasaba alnyp,
30 olaryň hiç biri-de Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler.
31 Emma siziň ýesir düşer öýden perzentleriňizi welin, Men ol ýere alyp bararyn. Siziň ýüz öwren ýurduňyzyň nähilidigini olar bilerler.
32 Emma siziň läşleriňiz bu çöllükde seriler.
33 Siziň çagalaryňyz hem kyrk ýyllap çölde göçüp-gonup gezerler we siziň biwepadygyňyz üçin jebir çekerler. Bu siziň hemmäňiz ölüp gutarýançaňyz dowam eder.
34 Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwürenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz.
35 Men-Reb şeýle diýmek bilen, bu aýdanlarymy Meniň garşyma birleşen bu azgyn halkyň başyndan indererin. Şu çöllükde bularyň baryny gyryp, ýok ederin».
36 Musanyň ýurdy gözden geçirmäge goýberen adamlary dolanyp gelenlerinde, ol ýurt hakynda ýaramaz habar getirip, halky Rebbe garşy goýandyklary üçin gyrgynçylyga berlip, Rebbiň huzurynda ölüp ýok boldular.
38 Ýurdy synlamaga gidenlerden diňe Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep diri galdy.
39 Musa bu sözleri bütin ysraýyllara ýetirende, halk uly gaýga batdy.
40 Halk daňdan ir bilen turup, daglyga çykmaga başlap: «Ynha, biz Rebbiň söz beren ýerine barýarys, çünki biz günä gazandyk» diýdiler.
41 Emma Musa olara şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň buýrugyna garşy gitmegiňizi dowam edýärsiňiz? Onyňyz başa barmaz!
42 Söweşe çykmaň, çünki Reb siziň araňyzda däl. Duşmanlaryňyza özüňizi paýhynlatmaň!
43 Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz».
44 Emma olar men-menlik edip, daglyga dyrmaşyp çykdylar. Ýöne olaryň ýanynda Rebbiň Äht sandygy-da, Musa-da ýokdy, olar düşelgedediler.
45 Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler. ‎