Bap 13
Şondan soň halk Haserotdan göçüp gaýdyp, Paran çölünde düşelge gurdy.
2 Reb Musa şeýle diýdi:
3 «Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere goýber».
4 Musa Rebbiň buýrugy bilen Paran çölünden adamlary ugratdy. Olaryň hemmesi ysraýyl serdarlarydy.
5 Olaryň atlary şulardyr: ruben tiresinden Zakuryň ogly Şammuwa;
6 şimgon tiresinden Horynyň ogly Şapat;
7 ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep;
8 ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal;
9 efraýym tiresinden Nunuň ogly Hoşeýa;
10 benýamin tiresinden Rapuwyň ogly Palty;
11 zebulun tiresinden Sodynyň ogly Gadyýel;
12 ýusup tiresinden, ýagny manaşe tiresinden Susynyň ogly Gady;
13 dan tiresinden Gemallynyň ogly Emiýel;
14 aşer tiresinden Mikaýeliň ogly Setur;
15 naftaly tiresinden Wopsynyň ogly Nahby;
16 gat tiresinden Makynyň ogly Gewuwal.
17 Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa adyny berdi.
18 Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň.
19 Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk?
20 Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet, galalary diwarlymy, diwarsyz?
21 Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň». Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi.
22 Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamatyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler.
23 Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde anaklaryň neslinden bolan ahymanlar, şeşaýlar we talmaýlar ýaşaýardylar. (Hebron Müsürdäki Sogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.)
24 Olar Eşkol deresine baranlarynda ol ýerden bir salkym üzümi şahasy bilen bile kesip aldylar we ony iki adam bolup taýakdan asyp göterdiler. Olar az-owlak nar bilen injir hem aldylar.
25 Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol deresi diýen at galdy.
26 Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.
27 Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.
28 Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden.
29 Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz anaklaryň nesillerini-de gördük.
30 Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».
31 Emma Kalep Musanyň öňünde duran halkyň sesini kesip: «Derrew gideliň-de, ol ýurdy basyp alalyň, çünki olary ýeňmäge biziň hökman güýjümiz ýeter» diýdi.
32 Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler.
33 Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken.
34 Biz ol ýerde nefilleri (anaklar nefilleriň nesilleridir) gördük. Olaryň ýanynda özümizi edil çekirtge ýaly duýduk. Olara-da biz çekirtge ýalyjak bolup gör