Bap 16
Ine, lewi tiresiniň kohat urugyndan bolan Ýysharyň ogly Kora, ruben tiresinden Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyram we Peletiň ogly On dagy
2 Musa garşy baş göterdiler. Olar jemagatdan saýlanyp, halk baştutanlary bolan atly-abraýly ysraýyllaryň iki ýüz ellisini ýanlaryna aldylar.
3 Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.
4 Musa muny eşidip, ýüzin ýykyldy.
5 Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we kime Onuň ýanyna golaýlaşmaga rugsat edilendigini Reb säher bilen aýan eder. Ol Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.
6 Eý Kora hem-de onuň ýoldaşlary, tütetgi gaplaryňyzy alyň.
7 Ertir olaryň içine ot salyp, Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakyň. Onsoň Reb kimi saýlasa, şol hem mukaddes bolar. Siz – lewiler, juda öte geçdiňiz!»
8 Soňra Musa Kora ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý lewiler, maňa gulak salyň!
9 Ysraýyl Hudaýy sizi ysraýyl halkynyň arasyndan saýlap aldy. Siz Rebbiň mukaddes çadyrynyň hyzmatyny ederiňiz ýaly we halkyň öňünde durup olara hyzmat ederiňiz ýaly, Ol size Özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi. Size indi şu-da azmy näme?
10 Ol size we siziň bütin lewi doganlaryňyza Özüne golaý barmaga rugsat beren bolsa-da, siz munuň üstesine ruhanylyk wezipesini hem talap edýärmisiňiz?!
11 Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».
12 Musa Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyramy çagyrmaga adam ugratdy. Ýöne olar şeýle jogap berdiler: «Biz barjak däl!
13 Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?
14 Bizi süýt we bal akýan ýurda getirmedigiň-ä belli, ýa bolmasa bize meýdanlary, üzümçilikleri mülk edip bermediň. Bu adamlaryň näme gözüni çykarjakmy? Biz barjak däl».
15 Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi.
16 Musa Kora ýüzlenip şeýle diýdi: «Ähli ýoldaşlaryň ertir Rebbiň huzuryna gelsin, Harun ikiňizem şol ýere geliň.
17 Her biriňiz öz tütetgi gaplaryňyza ýakymly ysly tütetgi salyň, iki ýüz elli kişiniň her biri öz tütetgi gabyny göterip, Rebbiň huzuryna gelsin. Harun ikiňizem tütetgi gaplaryňyzy getiriň».
18 Şeýdip, her kim öz tütetgi gabynda ot ýakyp, üstüne-de ýakymly ysly tütetgi goýup, Musa we Harun bilen bile Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durdular.
19 Soňra Kora Musa bilen Harunyň garşysyna çykmak üçin, bütin jemagaty Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnady, şonda bütin jemagata Rebbiň şöhraty göründi.
20 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
21 «Özüňiz bu jemagatdan bir gyra çekiliň, Men bulary bir demde ýok edeýin!»
22 Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.
23 Reb Musa:
24 «Jemagata ýetir, goý, Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan daşrak çekilsinler» diýdi.
25 Musa ýerinden turup, Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi, Ysraýyl ýaşululary-da onuň yzyna düşdüler.
26 Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi.
27 Jemagat Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan uzaga çekildi. Datan bilen Abyram bolsa daş çykyp, aýallary, çagalary bilen öz çadyrlarynyň girelgesiniň öňünde durdular.
28 Musa şeýle diýdi: «Bu işleriň ählisini etmegim üçin meni Rebbiň iberenini, meniň özbaşdak hereket etmeýändigimi siz şu zatlardan bilersiňiz.
29 Eger bu adamlar hem beýlekiler ýaly öz ajalyna ölseler, onda meni Rebbiň ibermedigidir.
30 Emma Reb entek görlüp-eşidilmedik bir zat edäýse, ýagny ýer darka ýarylyp, bu adamlary we olara degişli zatlaryň hemmesini ýuwutsa, olar hem diriligine ölüler dünýäsine düşseler, şonda bu adamlaryň Rebbi äsgermezlik edendiklerine göz ýetirersiňiz».
31 Musa bu zatlary aýdyp gutaran badyna, olaryň astyndaky ýer darka ýaryldy.
32 Ýer agzyny açyp, olary we maşgalalaryny – Kora degişli bolan adamlaryň we emlägiň baryny ýuwutdy.
33 Şeýdip, olar ähli goş-golamlary bilen bile diriligine ölüler dünýäsine düşdüler. Olaryň yzyndan ýer ýapyldy we olar jemagatyň arasyndan gaýyp boldular.
34 Olaryň töwereginde duran ähli ysraýyllar bolsa, olaryň dady-perýadyny eşidenlerinde: «Ýer bizi-de ýuwudar!» diýşip gaçdylar.
35 Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.
36 Reb Musa şeýle diýdi:
37 «Ruhany Harunyň ogly Elgazara aýt, maňňallaryň mukaddesdigi üçin olary oduň içinden çykarsyn we olaryň içindäki közleri çetde giň edip pytradyp taşlasyn.
38 Jana kast edip, günä eden bu adamlaryň maňňallaryndan bolsa ýukajyk gapaklar ýasaň. Maňňallar Rebbiň huzuryna eltilensoň, mukaddes boldular. Goý, olar ysraýyllar üçin nyşan bolsunlar».
39 Onsoň ruhany Elgazar ýandyrylan adamlar tarapyndan Rebbiň huzuryna eltilen bürünç maňňallary alyp, olardan gurbanlyk sypasyny ýapar ýaly gapaklar ýasatdy.
40 Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.
41 Ýöne ertesi gün Ysraýyl ogullarynyň bütin jemagaty Musa bilen Haruna garşy çykyp: «Rebbiň halkyny siz öldürdiňiz» diýdiler.
42 Jemagat olara garşy toplananda, Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra tarap öwrüldiler. Ine, görseler, ony bulut büräp, Rebbiň şöhraty göründi.
43 Onsoň Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne geldiler.
44 Reb Musa şeýle diýdi:
45 «Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar.
46 Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy».
47 Harun Musanyň buýruşy ýaly, tütetgi gabyny alyp, jemagatyň arasyna ylgap bardy. Ol gyrgynçylygyň başlanyny görende, közleriň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günäsinden saplady.
48 Harun ölüler bilen dirileriň arasynda duransoň, gyrgynçylyk togtady.
49 Koranyň gozgalaňynda ölenlerden başga, gyrgynçylykdan ölenleriň sany on dört müň ýedi ýüz adam boldy.
50 Gyrgynçylyk togtadylansoň, Harun Musanyň ýanyna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine gaýdyp geldi.