Bap 20
Bütin ysraýyl jemagaty birinji aýda Sin çölüne geldi. Halk Kadeşde düşledi. Ol ýerde Merýem aradan çykdy we jaýlandy.
2 Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy.
3 Olar Musa bilen dawalaşyp, şeýle diýdiler: «Rebbiň huzurynda dogan-garyndaşlarymyz ölende, biz hem gyrlan bolsak gowy bolardy!
4 Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi?
5 Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!»
6 Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi.
7 Reb Musa şeýle diýdi:
8 «Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa suw ber diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň».
9 Musa Rebbiň buýruşy ýaly baryp, hasany aldy.
10 Onsoň Musa Harun bilen bile halky gaýanyň öňüne ýygnap, olara: «Gulak goýuň, eý pitneçiler. Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi.
11 Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar.
12 Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi.
13 Ysraýyl halky bu ýerde Reb bilen dawa edeni üçin bu suwuň çykan ýerine Meriba diýip at berildi. Ol ýerde Reb Öz mukaddesligini görkezipdi.
14 Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr.
15 Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler.
16 Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý ýerde durus.
17 Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içinden ýöremeris ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, saga-sola sowulman, diňe şaýoldan ýöräris».
18 Emma edomlylar şeýle jogap berdiler: «Ýurdumyzyň içinden geçmersiňiz, eger geçjek bolup synanyşaýsaňyz gylyç alyp, garşyňyza çykarys».
19 Ysraýyllar: «Biz şaýoldan çykman ýöräris, eger biz we biziň mallarymyz siziň suwuňyzdan içäýsek, biz onuň üçin töleg töläris. Bize diňe pyýada geçip gitmäge rugsat berseňiz bolýar» diýdiler.
20 Ýöne olar: «Ýok, geçmersiňiz!» diýip jogap berdiler. Onsoň edomlylar agyr ýaraglanan uly goşun bilen olaryň garşysyna çykdylar.
21 Edomlylar geçmäge ýol bermänsoňlar, ysraýyllar ol ýerden öwrülip geçdiler.
22 Bütin ysraýyl halky Kadeşden göçüp, Hor dagyna gelip düşdi.
23 Onsoň Reb Musa bilen Haruna Hor dagynda, Edom topragynyň serhedinde şeýle diýdi:
24 «Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.
25 Haruny we onuň ogly Elgazary ýanyňa al-da, olary Hor dagyna çykar.
26 Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar».
27 Musa Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ähli halkyň gözüniň alnynda olar Hor dagyna çykdylar.
28 Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde dagyň depesinde jan berdi. Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler.
29 Harunyň ölendigini gören bütin ysraýyl halky otuz günläp onuň üçin ýas tutdy.