Bap 9
Saba melikesi Süleýmanyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Saba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary hakynda onuň bilen söhbetleşdi.
2 Süleýman onuň ähli soraglaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady.
3 Saba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näzi-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, onuň sakylaryny, olaryň egin-eşiklerini,
4 Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy.
5 Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa danalaygyňyzyň hatda ýarysyny hem aýtmandyrlar.
6 Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken.
7 Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly!
8 Senden hoşal bolup, Hudaýyň Rebbiň patyşasy bolmagyň üçin seni Öz tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Hudaý Ysraýyly söýensoň, ony ebedilik berkarar etmek üçin, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».
9 Onsoň Saba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Saba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi.
10 Huramyň we Süleýmanyň Opyrdan altyn getiren hyzmatkärleri mundan başga-da sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdiler.
11 Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne basgançaklar, aýdymçylar üçin barbatdyr arfalar ýasady; beýle saz gurallary şu güne çenli görlüp-eşidilmändi.
12 Süleýman patyşa Saba melikesiniň göwnüniň islän zadyny berdi. Süleýman oňa özüne getiren zatlaryndan has köp zatlary berdi. Şeýdip, Saba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy.
13 Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy.
14
15 Süleýman patyşa ýenjilen altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak altyn sarp edildi.
16 Ol ýenjilen altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana sekiz ýarym gadak altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy.
17 Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady.
18 Tagtyň alty basgançagy we altyndan aýak kürsüsi oňa berkidilendi. Tagtyň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy.
19 Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy.
20 Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi.
21 Çünki Süleýmanyň Huramyň adamlary bilen birlikde Tarşyşa gatnaýan gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil süňküni, maýmynlary we tawuslary getirerdiler.
22 Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi.
23 Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin ähli milletleriň patyşalary onuň didaryna zardy.
24 Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylba-ýyl kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.
25 Süleýmanyň atlar bilen söweş arabalary üçin dört müň athana bardy, hem-de on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda – Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.
26 Süleýman Perat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi.
27 Süleýman Iýerusalimde kümşi daş bilen deň etdi, kedr agajyny günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi.
28 Süleýmanyň atlary Müsürden, beýleki ähli ýurtlardan getirildi.
29 Süleýmanyň galan ähli işleri–owalky we soňky eden işleri Natan pygamberiň taryh kitabynda, şiloly Ahyýanyň pygamberliginde we Ydo görgüriň Nebadyň ogly Ýarobgam baradaky görnüşlerinde ýazylandyr.
30 Süleýman Iýerusalimde tutuş Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi.
31 Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Ogly Rehabgam onuň ýerine patyşa boldy.