2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 13

Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýa Ýahuda patyşa boldy.
2 Abyýa Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Mikaýady; ol gibgaly Uryýeliň gyzydy. Abyýa bilen Ýarobgamyň arasynda uruş gidýärdi.
3 Abyýa dört ýüz müň saýlama, batyr ýigitlerden ybarat bolan goşuny bilen urşa girişdi. Ýarobgam hem sekiz ýüz müň saýlama, batyr ýigitleri bilen Abyýanyň garşysyna söweşe çykdy.
4 Onsoň Abyýa Efraýym daglygynda bolan Zemaraýym dagynyň üstünde durup, şeýle diýdi: «Eý, Ýarobgam we bütin ysraýyl halky, maňa gulak asyň!
5 Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Ysraýylyň üstünden şalyk sürmekligi ebedilik Dawuda we onuň ogullaryna berendigini bilmeýärmisiňiz? Ol muny bozulmajak ähtiň üsti bilen etdi.
6 Emma Dawudyň ogly Süleýmanyň nökeri, Nebadyň ogly Ýarobgam gidip, öz hökümdaryna garşy gozgalaň turuzdy.
7 Boş we ýaramaz adamlar Ýarobgamyň ýanyna ýygnanyp, Süleýmanyň ogly Rehabgamyň garşysyna çykdylar. Rehabgam ýaş we tejribesiz bolansoň, olar bilen urşup bilmedi.
8 Indi siz Dawudyň ogullarynyň elinde bolan Rebbiň patyşalygyna garşy durup bileris diýip pikir edýärsiňiz. Çünki siziň sanyňyz juda köpdür hem-de Ýarobgamyň hudaýlar hökmünde siziň üçin ýasan altyn göleleri ýanyňyzdadyr.
9 Siz Rebbiň ruhanylary bolan Harunyň ogullaryny we lewileri kowup, başga ýurtlaryň halklary ýaly öz ruhanylaryňyzy bellediňiz. Bir öküzçe ýa-da ýedi goç bilen mukaddes edilmäge gelen her kes but hudaýlara ruhany bolýar.
10 Emma biziň Hudaýymyz Rebdir. Biz Ony terk etmedik. Bizde Rebbiň hyzmatynda durýan ruhanylar bar.
11 Ol ruhanylar ertirine, agşamyna Rebbe ýakma gurbanlyklar berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, sap altyn hantagtasynda huzur çöregini goýýarlar, her gije altyn şemdanda şemleri ýakýarlar. Çünki biz Hudaýymyz Rebbiň ýumuşlaryny bitirýäris, emma siz Ony terk etdiňiz.
12 Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».
13 Ýarobgam Ýahuda goşunyň ýeňse tarapyndan bukuda ýatmak üçin goşun iberipdi. Şeýdip, onuň goşuny Ýahudanyň öň tarapynda, bukuda ýatan goşuny bolsa Ýahudanyň ýeňse tarapyndady.
14 Ýahudalar özleriniň hem öňlerinde, hem yzlarynda söweş gidýändigini gördüler. Olar Rebbe perýat etdiler, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar.
15 Onsoň ýahuda halky gygyryşdy. Ýahudalar gygyryşanlarynda, Hudaý Abyýanyň we Ýahudanyň öňünde Ýarobgamy we bütin ysraýyl halkyny ýeňlişe sezewar etdi.
16 Ysraýyllar ýahudalardan gaçdylar. Hudaý ysraýyllary Ýahudanyň eline berdi.
17 Abyýa we onuň goşuny ysraýyllara agyr zarba urdular. Ysraýylyň bäş ýüz müň saýlama esgeri öldürildi.
18 Şeýdip, şonda ysraýyllar basylyp, ýahudalar atalarynyň Hudaýy Rebbe bil baglandyklary üçin olary ýeňdiler.
19 Abyýa Ýarobgamyň yzyndan kowup, onuň Beýtel, Ýeşanan we Epron diýen şäherlerini obalary bilen bile basyp aldy.
20 Ýarobgam Abyýanyň döwründe güýç-kuwwatyny dikeldip bilmedi. Reb Ýarobgamy jezalandyrdy, şonda ol öldi.
21 Emma Abyýa barha güýçlendi. Ol on dört aýal alyp, ýigrimi iki ogluň, on alty gyzyň kakasy boldy.
22 Abyýanyň galan işleri, onuň hereketleri we sözleri Ydo pygamberiň ýazgylarynda ýazylandyr.