2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 25

Amazýa patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Iýerusalimli bolup, ady Ýehogadandy.
2 Amasýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, ýöne bu çyn ýürekden däldi.
3 Amasýa patyşalygyny kuwwatlandyryp, öz kakasyny öldüren nökerleri öldürdi.
4 Emma Musanyň Töwrat kitabynda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amasýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi.
5 Amazýa ýahuda halkyny ýygnap, ähli ýahudalary we benýaminleri uruglaryna görä müňbaşylaryň we ýüzbaşylaryň baştutanlygy astynda goýdy. Ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylary sanap, olardan naýza we galkan göterip, söweşip biljek üç ýüz müň saýlama esger tapdy.
6 Amasýa ýüz ýetmiş batman kümşe Ysraýyldan ýüz müň batyr ýigidi hakyna tutdy.
7 Emma Hudaýyň bir adamy gelip, Amasýa şeýle diýdi: «Eý, patyşa! Ysraýyl goşuny seniň bilen gitmesin. Reb ysraýyl halky, ýagny ähli efraýymlar bilen däldir.
8 Eger efraýymlar seniň bilen gitseler, sen edermenlik bilen söweşseň-de, Hudaý seniň duşmanlaryňa ýeňiş berer, çünki ýeňiş berýän-de, ýeňlişe sezewar edýän-de Hudaýdyr».
9 Amazýa Hudaýyň adamyna: «Ysraýyl goşunyna beren ýüz ýetmiş batman kümşüm bilen näme etmeli?» diýdi. Hudaýyň adamy: «Reb saňa ondan hem artyk berip biler» diýip jogap berdi.
10 Onsoň Amazýa Efraýymdan gelen goşuny boşadyp, ony yzyna goýberdi. Emma olaryň Ýahuda garşy gazaby lowlap, gahar-gazap bilen öýlerine dolandylar.
11 Amazýa güýç toplap, öz goşunyna baş bolup, Duz deresine gitdi we ol ýerde Segir halkyndan on müň adamy öldürdi.
12 Ýahudanyň esgerleri ýene on müň adamy diriligine tutup, olary gaýanyň depesine çykaryp, şol ýerden aşak taşladylar. Olar bölek-bölek boldular.
13 Emma Amazýanyň özi bilen urşa gitmesin diýip yzyna iberen goşunynyň esgerleri Samarýadan Beýthorona çenli bolan Ýahuda şäherlerine hüjüm edip, üç müň adamy öldürdiler we köp olja aldylar.
14 Amazýa edomlylardan üstün çykyp gelende, Segir halkynyň hudaýlaryny getirip, olary öz hudaýlary hökmünde goýup, olara sežde edip, olara gurbanlyklar ýakdy.
15 Rebbiň Amazýa gahary gelip, onuň ýanyna bir pygamber iberdi. Pygamber Amasýa: «Näme üçin sen öz halkyny seniň eliňden halas edip bilmedik halkyň taňrylaryna sežde edýärsiň?» diýdi.
16 Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.
17 Onsoň Ýahuda patyşasy Amazýa maslahatlaşyp, Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýowaşa çapar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz bolaly» diýdi.
18 Ysraýyl patyşasy Ýowaş Ýahuda patyşasy Amazýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Liwandaky ýandak Liwandaky kedr agajyna sawçy ýollap: „Gyzyňy meniň ogluma ber“ diýip sorapdyr. Emma Liwandaky bir wagşy haýwan geçip barýarka, ýandagy depeläpdir.
19 Sen: „Ine, men edomlardan üstün çykdym“ diýip öwnüp, muňa buýsanýarsyň. Sen öýüňde otur. Näme üçin sen özüňiň we ýahudalaryň başyňa bela getirmegine bahana agtarýarsyň?»
20 Emma Amazýa muňa gulak asmady. Bu zatlar ýahudalary duşmanlarynyň eline bermek üçin Hudaý tarapyndan edilipdi, sebäbi olar Edom hudaýlaryna sežde edipdiler.
21 Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amasýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz sataşdy.
22 Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, hersi öz çadyrlaryna gaçyp gitdiler.
23 Ysraýyl patyşasy Ýowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutup, Iýerusalime getirdi. Ýowaş Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy.
24 Ýowaş Obetedomyň ygtyýaryndaky Hudaýyň öýündäki altyn-kümşüň, enjamlaryň baryny we patyşanyň köşgündäki hazynalary, bulardan daşary-da girew alan adamlaryny alyp, Samarýa dolanyp geldi.
25 Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýa, Ýehogahazyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýowaş ölenden soň on bäş ýyl ýaşady.
26 Amazýanyň başdan-aýak eden ähli işleri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
27 Amazýanyň Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwren pursatyndan başlap, Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amasýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler.
28 Onsoň Amazýanyň jesedini atlara ýükläp getirdiler-de, ony Ýahuda şäherinde atalarynyň ýanynda jaýladylar.