Bap 7
Süleýman dileg edip bolan dessine gökden ot inip, ýakma gurbanlygy we beýleki gurbanlyklary ýalmap-ýuwutdy. Öý Rebbiň şöhratyndan doldy.
2 Rebbiň şöhratynyň öýi doldurandygy sebäpli ruhanylar Rebbiň öýüne girip bilmediler.
3 Bütin ysraýyl halky gökden inen ody we öýdäki Rebbiň şöhratyny görende, ýüzüni ýere berip ybadat etdi. Halk: «Reb gowudyr, Onuň sadyk söýgüsi ebedidir» diýip Rebbe alkyş aýtdy.
4 Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler.
5 Süleýman patyşa Rebbe gurbanlyk hökmünde ýigrimi iki müň öküz we bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.
6 Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi ebedidir!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy.
7 Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny tämizläp mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Süleýmanyň ýasadan bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi.
8 Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – ägirt uly mähelle Hamat girelgesinden Müsür serhedine çenli bolan aralykda, ýedi günläp Çatma baýramyny belläp geçdiler.
9 Sekizinji gün mukaddes ýygnanyşyk boldy. Gurbanlyk sypasynyň bagyş ediliş dabarasyny ýedi gün, baýramy-da ýedi gün tutdular.
10 Süleýman ýedinji aýyň ýigrimi üçüne halky öýli-öýüne ugratdy. Olar Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.
11 Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüniň, öz köşgüniň gurluşygyny tamamlap, ol Rebbiň öýünde we öz köşgünde etmegi ýüregine düwen ähli işlerini üstünlik bilen amala aşyrdy.
12 Reb gije Süleýmana görnüp, oňa şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi eşitdim. Men şu ýeri Özüm üçin gurbanlyk berilýän öý hökmünde saýladym.
13 –14 Ýagyş ýagmaz ýaly gögi baglanymda ýa-da çekirtgelere ýurduň hasylyny ýuwut diýip buýruk berenimde ýa-da halkymyň arasyna mergi ýollanymda, Meniň adymy göterýän halkym özüni peseldip, dileg edip, Meni agtaryp, öz pis ýollaryndan dönse, şonda Men olary gökden eşidip, günälerini geçip, ýurtlaryny dikelderin.
15 Indi şu ýerde edilen dileglere Meniň gözlerim görgür, gulaklarym eşitgir bolar.
16 Adym şu öýde ebedilik bolar ýaly, Men ony saýladym we mukaddes etdim, Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar.
17 Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, patyşalygyňy berkarar ederin.
18
19 Emma siz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin.
20 Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar.
21 Indi beýik bolan bu öýüň ýanyndan geçýän her kişi oňa haýranlar galyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer.
22 Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrüldiler. Olarayň öňünde sežde edip, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylyklary olaryň başyndan inderdi“ diýerler».