Bap 22
Iýerusalimiň ilaty Ýoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy.
2 Ahazýa patyşa bolanda kyrk iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy.
3 Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ahazýanyň ejesi pis iş etmekde geňeşçisidi.
4 Ahazýa hem Ahabyň maşgalasy ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Kakasy ölenden soň, Ahabyň nesilleri Ahazýanyň geňeşçisi bolup, ony heläkçilige uçratdylar.
5 Ahazýa olaryň maslahatyna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň ogly Ýoram bilen Aramyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Aramlylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar.
6 Ýoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, aramlylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.
7 Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy.
8 Ýehu Ahabyň nesillerine höküm edýärkä, Ýahudanyň baştutanlaryna we Ahazýa hyzmat eden Ahazýanyň doganlarynyň ogullaryna duşup, olary öldürdi.
9 Ýehuwyň adamlary Ahazýany agtardylar. Ahazýa Samarýada gizlenip ýörkä tutulyp, Ýehuwyň ýanyna getirildi we öldürildi. Ony jaýlap, şeýle diýdiler: «Ahazýa Rebbi bütin kalby bilen agtaran Ýehoşapatyň agtygydyr». Ahazýanyň nesillerinden patyşalygy dolandyryp biljek adam galmandy.
10 Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa öz oglunyň öldürilendigi barada eşiden dessine, Ýahudadaky ähli patyşa nesillerini ýok etdi.
11 Emma patyşanyň gyzy Ýehoşebat patyşanyň öldürilmeli şazadalarynyň içinden Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen bile ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýoram patyşanyň gyzy, ruhany Ýehoýadanyň aýaly, Ahazýa patyşanyň uýasy Ýehoşebat Ýowaşy Atalýadan gizledi we Ýowaş diri galdy.
12 Ýowaş alty ýyllap Ýehoşebat bilen Hudaýyň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurt