2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 15

Odetiň ogly Azarýanyň üstüne Rebbiň ruhy indi.
2 Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.
3 Uzak wagtlap Ysraýyl hak Hudaýsyz ýaşapdy; tälim berýän ruhany-da, kanun-da bolmandy.
4 Emma agyr günlerinde olar Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýüz tutup, Ony agtardylar; Ol Özüni olara görkezdi.
5 Şol döwürlerde ähli ýurtlaryň ilatlarynyň arasyndaky uly howsalalyk zerarly girip-çykmak howpludy.
6 Bir millet beýleki millete garşy, bir şäher beýleki şähere garşy göreşdi. Hudaý olary her hili betbagtçylyk bilen howsala salypdy.
7 Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz».
8 Asa bu sözleri, ýagny Odetiň ogly Azarýanyň pygamberligini eşidende ruhlandy. Ol bütin Ýahudadaky, Benýamindäki we Efraýym daglygyndan alan ähli galalaryndaky ýigrenji butlary ýok etdi. Asa Rebbiň öýüniň eýwanynyň öňündäki Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikeltdi.
9 Asa ähli ýahudalary we benýaminleri, olaryň arasynda keseki hökmünde ýaşap ýören efraýymlary, manaşeleri we şimgonlary toplady. Beýik Hudaýyň Asa bilendigini görüp, ysraýyllardan köp Asanyň tarapyna geçipdiler.
10 Olar Asanyň patyşalygynyň on bäşinji ýylynyň üçünji aýynda Iýerusalime ýygnanyşdylar.
11 Şol gün olar getiren oljalaryndan ýedi ýüz öküzi we ýedi müň goýny Rebbe gurbanlyk hökmünde berdiler.
12 Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi bütin kalplary, bütin jan-teni bilen agtarmagy äht etdiler.
13 Ýaş bolsun, garry bolsun, erkek bolsun, aýal bolsun–parhy ýok – Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmadyk her kes öldürilmelidi.
14 Olar batly ses bilen gygyryşyp, surnaýlar we tüýdükler çalyp, Rebden ant içdiler.
15 Bütin ýahuda halky bu kasam üçin begendiler. Olar çyn ýürekden ant içip, Rebbi uly yhlas bilen agtardylar. Reb hem olara Özüni görkezdi. Reb olara her tarapdan asudalyk berdi.
16 Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden boşatdy, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, parçalap, Kidron çaýynda ýakdy.
17 Emma Ysraýyldaky sežde edilýän ýerler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe wepaly boldy.
18 Ol kakasynyň we özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny altyny, kümşi we gap-gaçlary Hudaýyň öýüne getirdi.
19 Asanyň patyşalygynyň otuz bäşinji ýylyna çenli uruş bolmady.