Bap 28
Ahaz patyşa bolanda ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawut ýaly bolmady, ol öz Hudaýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etmedi.
2 Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöredi. Ol hatda Bagal hudaýy üçin guýma butlar ýasady.
3 Ahaz Benhinnom deresinde ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogullaryny otdan geçirdi.
4 Ol sežde edilýän ýerlerde we her gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.
5 Şonuň üçin hem Hudaýy Reb Ahazy Aram patyşasynyň eline berdi. Aram patyşasy Ahazdan üstün çykyp, onuň köp sanly adamlaryny ýesir alyp, olary Damaska getirdi. Ol Ysraýyl patyşasynyň hem eline berildi. Ysraýyl patyşasy Ahaza agyr zarba urdy.
6 Remalýanyň ogly Peka Ýahudada bir ýüz ýigrimi müň edermen esgeri bir günde öldürdi, çünki olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler.
7 Efraýymyň batyr ýigidi Zikri patyşanyň ogly Magaseýany, patyşa köşgüniň emeldary Azrikamy we patyşadan soň ikinji adam bolan Elkanany öldürdi.
8 Ysraýyllar öz doganlaryndan iki ýüz müň erkegi, aýallary, ogullardyr gyzlary ýesir aldylar, ysraýyllar şeýle hem olardan köp olja alyp, oljalary Samarýa getirdiler.
9 Emma Rebbiň bir pygamberi bardy, onuň ady Odetdi. Odet Samarýa gelen goşunyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb Ýahuda gazaplanany üçin olary siziň eliňize berdi. Emma siz göge ýeten gazap bilen olary öldürdiňiz.
10 Indi siz Ýahudanyň we Iýerusalimiň halklaryny: aýaldyr-erkekleri gul-gyrnak hökmünde özüňize tabyn etjek bolýarsyňyz. Eýsem Hudaýyňyz Rebbiň öňünde siziň özüňiz ýazyksyzmy näme?
11 Indi maňa gulak asyň-da, garyndaşlaryňyzdan alan ýesirleriňizi yzyna iberiň, çünki Rebbiň gahar–gazaby siziň üstüňizdedir».
12 Şeýle hem, efraýymlardan bolan käbir baştutanlar: Ýehonananyň ogly Azarýa, Meşillemotyň ogly Berekýa, Şalumyň ogly Hizkiýa we Hadlaýyň ogly Amasýa dagy uruşdan gelýänleriň garşysyna çykyp, olara:
13 «Ýesirleri bu ýere getirmäň. Bu biziň günälerimizi we ýazyklarymyzy artdyryp, Rebbe garşy günä etdigimiz bolar. Biziň ýazygymyz eýýäm gaty juda çökderdir. Rebbiň gazaby Ysraýyla garşy lowlaýandyr» diýdiler.
14 Şeýdip, esgerler ýesirleri we oljalary baştutanlaryň, bütin jemagatyň ýanynda goýup gitdiler.
15 Onsoň ady agzalanlar turup, ýesirleri aldylar-da, olaryň arasyndaky ýalaňaçlaryna oljalardan eşikler alyp geýdirdiler. Olara eşik, çaryk geýdirip, iýmit we suw bilen üpjün etdiler; ýaralaryna ýag çaldylar; ýarawsyzlaryny eşege mündürip, Ýeriho Palma galasyndaky garyndaşlaryna getirip, soň yzlaryna–Samarýa dolandylar.
16 Şol wagtlarda Ahaz patyşa kömek sorap, Aşur patyşasynyň ýanyna adam ýollady.
17 Edomlylar ýene-de çozup, Ýahudadan üstün çykypdy, olary ýesir edip äkidipdiler.
18 Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar.
19 Ysraýyl patyşasy Ahaz zerarly Reb Ýahudany kiçeldipdi, çünki Ahaz Ýahudada azgynlyk edip, Rebbe hyýanat edipdi.
20 Şeýdip, Aşur patyşasy Tilgatpilneser Ahazyň garşysyna çykyp, oňa ýardam etmegiň deregine zulum etdi.
21 Ahaz Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we emeldarlaryň öýlerini talap, olardan Aşur patyşasyna salgyt töledi; emma bu Ahaza kömek etmedi.
22 Ahaz patyşa betbagtçylykly pursatlarynda Rebbe hyýanatçylygyny has-da artdyrdy.
23 Ahaz özüni ýeňlişe sezewar eden Damask hudaýlaryna gurbanlyk berip, şeýle diýdi: «Aşur patyşalarynyň hudaýlarynyň olara ýardam edişleri ýaly, maňa-da ýardam etmekleri üçin, men olara gurbanlyk bererin». Emma ol hudaýlar Ahazyň we tutuş Ysraýylyň başyndan betbagtçylyk inderdi.
24 Ahaz Hudaýyň öýündäki enjamlary toplap, olary döwüp bölek-bölek etdi. Ol Rebbiň öýüniň gapylaryny gulplady. Ahaz Iýerusalimiň her künjeginde özi üçin gurbanlyk sypalaryny ýasady.
25 Başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin Ýahudanyň her şäherinde sežde edilýän ýerler gurup, ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.
26 Ahazyň başdan-aýak eden ähli işleri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
27 Ahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Iýerusalim şäherinde jaýlandy. Emma Ahazy Ysraýyl patyşalarynyň mazaryna getirmediler. Ogly Hizkiýa onuň ýerine patyşa boldy.