Bap 23
Ýedinji ýylda Ýehoýada gaýrata galyp, ýüzbaşylar Ýerohamyň ogly Azarýa, Ýehohananyň ogly Ysmaýyl, Obediniň ogly Azarýa, Adaýanyň ogly Magaseýa we Zikriniň ogly Elişapat bilen äht edişdi.
2 Ýüzbaşylar Ýahuda aýlanyp, Ýahudanyň ähli şäherlerinden lewileri we ysraýylyň tirebaşylaryny toplap, Iýerusalime geldiler.
3 Onsoň bütin jemagat Hudaýyň öýünde patyşanyň ogly bilen äht edişdi. Ýehoýada olara şeýle diýdi: «Ine, bu patyşanyň ogludyr. Rebbiň Dawudyň ogullary barada beren wadasyna görä patyşalyk eder.
4 Siziň etmeli işiňiz şudur: Sabat güni hyzmata gelýän ruhanylaryň we lewileriň üçden biri derwezeban bolsun.
5 Üçden biriňiz patyşanyň köşgünde, üçden biriňiz Bina derwezesinde, tutuş halk hem Rebbiň öýüniň howlusynda bolsun.
6 Rebbiň öýüne ruhanylardan we hyzmat edýän lewilerden başga hiç kim girmesin. Ruhanylar bilen lewiler girip bilerler, çünki olar mukaddesdirler. Ýöne bütin halk Rebbiň görkezmelerini berjaý etsin.
7 Lewileriň ählisiniň eli ýaragly bolup, olar patyşanyň daşyny gurşasyn. Öýe ýakynlaşan adam öldürilsin. Patyşa girende-çykanda onuň ýanynda boluň».
8 Lewiler we bütin ýahuda halky Ýehoýada ruhanynyň tabşyran zatlaryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdiler. Olaryň hersi öz adamlaryny Sabat güni nobatçylyk edenleri-de, etmedikleri-de alyp geldiler, Ýehoýada ruhany toparlaryň hiç birini goýbermedi.
9 Ýehoýada ruhany Dawut patyşanyň Hudaýyň öýündäki naýzalaryny, uly we kiçi galkanlaryny serkerdelere berdi.
10 Ýehoýada bütin halky patyşany goramak üçin öýüň daş-töwereginde, gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde garawul hökmünde goýdy, olaryň hersiniň elleri ýaraglydy.
11 Onsoň Ýehoýada patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtini berdi. Ýehoýada bilen onuň ogullary Ýowaşyň başyna ýag çalyp, ony patyşalyga bellediler. Ony patyşa diýip yglan edip: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.
12 Atalýa halkyň ylgaşyp, patyşany alkyşlaýanyny eşidende, halkyň ýanyna, Rebbiň öýüne geldi.
13 Görse, ine, patyşa girelgede öz sütüniniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy, nagmaçylar hem öz saz gurallary bilen alkyş aýdýardylar. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.
14 Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi.
15 Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler.
16 Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada özüniň, bütin halkyň we patyşanyň arasynda äht etdi.
17 Onsoň bütin halk Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Matany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler.
18 Ruhany Rebbiň öýüne gözegçilik etmek işine ruhanylary we lewileri belledi. Dawut olary Rebbiň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Dawudyň tabşyrygy boýunça şadyhorramlyk we aýdym-saz bilen Rebbe ýakma gurbanlyklar hödürlemelidiler.
19 Ýehoýada Rebbiň öýüne hiç bir haram adam girmez ýaly, onuň derwezesinde garawullar goýdy.
20 Ýehoýada ruhany ýüzbaşylary, han-begleri, halkyň häkimlerini, ýurduň bütin halkyny özi bilen alyp gitdi. Olar patyşany Rebbiň öýünden alyp, ýokarky derwezäniň üsti bilen köşge getirdiler. Ýowaşy şa tagtynda oturtdylar.
21 Şeýdip, ýurduň bütin ilaty şat boldy. Atalýa gylyçdan geçirilenden soň, şäherde ümsümlik boldy.