2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 19

Ýahuda patyşasy Ýehoşapat sag-aman Iýerusalime, öz köşgüne dolanyp geldi.
2 Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapatyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.
3 Muňa garamazdan, sen gowy işler hem etdiň. Sen Aşera butlaryny ýurtdan ýok edip, ýüregiňi Hudaýy agtarmaklyga gönükdirdiň».
4 Ýehoşapat Iýerusalimde ýaşady. Ol Beýerşebadan Efraýym daglygyna çenli bolan halklaryň arasyna gidip, olary ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe tarap öwürdi.
5 Ol bütin ýurda, Ýahudanyň ähli galalarynyň her birine häkimler belledi.
6 Ýehoşapat häkimlere şeýle diýdi: «Işiňize ünsli boluň! Çünki siz ynsanlaryň adyndan däl-de, Rebbiň adyndan höküm çykarýansyňyz. Reb höküm işinde siziň bilendir.
7 Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur».
8 Şeýle hem Ýehoşapat Iýerusalimde Rebbiň adyndan höküm çykarmak üçin we dawalary çözmek üçin lewilerden, ruhanylardan we Ysraýyl tirelerinden baştutanlar belledi. Olar şäherde ýaşadylar.
9 Ýehoşapat olara şeýle tabşyryk berdi: «Siz Rebbiň gorkusy bilen, sadyklyk bilen tüýs ýürekden işläň.
10 Galalarynda ýaşaýan ýoldaşlaryňyzdan size gelen her işde, isle adam öldürmek dawasy bilen, isle kanun, tabşyryk, parzlar ýa-da hökümler işi bilen bolsun, Rebbe garşy günä etmezlige olara duýduryş beriň. Şonda siziň we ýoldaşlaryňyzyň üstünden Onuň gazaby inmez. Şeýle ediň, şonda siz ýazykly bolmarsyňyz.
11 Rebbiň ähli işlerinde baş ruhany Amarýa, patyşanyň ähli işleri üçin Ýahuda tiresiniň baştutany Ysmaýylyň ogly Zebadýa siziň üstüňizden garaýandyr, lewiler hem öňüňizde gözegçi bolarlar. Işde batyr boluň! Reb ýagşylar bilen bolsun!»