2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 33

Manaşe patyşa bolanda on iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli bäş ýyl patyşalyk etdi.
2 Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşe hem Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi
3 Manaşe kakasy Hizkiýanyň ýykan sežde edilýän ýerlerini täzeden dikeltdi. Ol Bagal but üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimine sežde edip, şolara gulluk etdi.
4 Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.
5 Manaşe Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimi üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.
6 Manaşe ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.
7 Manaşe ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.
8 Eger olar Meniň ähli tabşyryklarymy, gulum Musanyň üsti bilen özlerine buýran ähli zatlarymy edip, kanunlarymy, parzlarymy we hökümlerimi berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi.
9 Manaşe Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem has köp pis işleri etdiler.
10 Reb Manaşe we onuň halkyna sözledi, emma olar Rebbe gulak asmadylar.
11 Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşeni gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.
12 Manaşe muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi.
13 Manaşe Hudaýa dileg etdi, Hudaý-da onuň dilegini kabul edip, nalyşyny eşidip, ony ýene-de Iýerusalime, öz patyşalygyna getirdi. Onsoň Manaşe Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bildi.
14 Şondan soň, ol Gihonyň günbatarynda, deredäki Balyk derwezesindäki girelgä çenli bolan Dawut galasynyň daşky diwaryny gurdy. Manaşe diwary Ofeliň daşyndan aýlap, has beýgeltdi. Ol şeýle hem, Ýahudanyň ähli galalarynda goşun serkerdelerini goýdy.
15 Manaşe Rebbiň öýündäki keseki taňrylary we buty Rebbiň öýüniň dagynda we Iýerusalimde guran ähli gurbanlyk sypalaryny ýok edip, olary şäheriň daşyna taşlady.
16 Şeýle hem, Manaşe Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikip, onda salamatlyk we şükür gurbanlyklaryny hödür etdi. Ol ýahuda halkyna Ysraýyl Hudaýy Rebbe hyzmat etmekligi tabşyrdy.
17 Halk entegem sežde edilýän ýerlerde gurbanlyk hödür edýärdi, emma olar diňe öz Hudaýy Rebbe gurbanlyk hödürleýärdiler.
18 Manaşeniň galan işleri we onuň eden dilegleri we Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan sözlän bilgijiň sözleri barada Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
19 Manaşeniň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy, özüni Hudaýyň öňünde kiçeltmezden öň guran sežde edilýän ýerleri barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr.
20 Manaşe ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgünde jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy.
21 Amon patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi.
22 Amon kakasy Manaşe ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Amon kakasy Manaşeniň ýasan ähli butlaryna gurbanlyk hödürläp, şolara gulluk etdi.
23 Kakasy Manaşeniň özüni Rebbiň öňünde kiçeldişi ýaly, Amon özüni Rebbiň öňünde kiçeltmedi, eýsem, gitdigisaýy köp günä etdi.
24 Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler.
25 Emma ýahuda halky Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi.