Bap 36
Ýurduň halky Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy alyp, kakasynyň ýerine patyşa etdi.
2 Ýowahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi.
3 Müsür patyşasy Iýerusalimde Ýehowahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batman hem altyn salgyt saldy.
4 Müsür patyşasy Ýowahazyň inisi Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym edip üýtgetdi. Onsoň Müsür patyşasy Ýehoýakymyň inisi Ýehowahazy alyp, Müsüre geldi.
5 Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalime on bir ýyl patyşalyk etdi. Ol Hudaýy Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
6 Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýehoýakymyň üstüne çozup, ony Babyla äkitmek üçin zynjyr bilen daňdy.
7 Nebukadnesar Rebbiň öýündäki gap-gaçlary hem Babyla äkidip, olary özüniň Babyldaky köşgünde goýdy.
8 Ýehoýakymyň galan işleri, onuň eden ýigrenji işleri we gabahatlyklary barada Ysraýyl hem Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. Onuň ýerine ogly Ýehoýakin patyşa boldy.
9 Ýehoýakin patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý, on gün patyşalyk etdi. Ýehoýakin Rebbiň nazarynda ýigrenji işler etdi.
10 Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakini Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi.
11 Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi.
12 Sidkiýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Rebbiň adyndan geplän Ýermeýa pygamberiň öňünde özüni kiçeltmedi.
13 Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.
14 Ähli ruhany baştutanlary bilen halkyň birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler.
15 Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi.
16 Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.
17 Onsoň Reb olaryň garşysyna babyllaryň patyşasyny çozdurdy. Babyllar ýahudalaryň mukaddes öýünde olaryň ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny babyllaryň patyşasynyň eline berdi.
18 Patyşa Hudaýyň öýündäki ähli ululy-kiçili gap-gaçlary, Rebbiň öýündäki hazynalary, patyşanyň we onuň emeldarlarynyň hazynalaryny Babyla alyp gitdi.
19 Babyllar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler.
20 Babyl patyşasy gylyçdan aman galanlary Babyla ýesir edip äkitdi. Ýesir edilip äkidilenler Pars patyşalygy häkimýet başyna geçýänçä, Babyl patyşasyna we onuň ogullaryna gul boldular.
21 Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy. Kureş patyşa sürgündäkilere azatlyk jar edýär
22 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşar ýaly, Reb Kureş patyşanyň ulanýan ýazuwynda perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna çapar üsti bilen jar etmegi onuň kalbyna saldy.
23 Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gökdäki Hudaý Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne bir öý gurmagy emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!»