2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 18

Ýehoşapat örän baý we at-abraýlydy. Ol Ahap bilen guda boldy.
2 Birnäçe ýyldan soň Ýehoşapat Samarýa Ahabyň ýanyna gitdi. Ahap Ýehoşapat we onuň bilen gelenler üçin köp goýun we öküz öldürdip, ony özi bilen Ramotgilgada garşy hüjüm etmäge yrdy.
3 Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat oňa: «Menem, halkam seniň hyzmatyňdadyrys. Uruşda seniň bilendiris» diýip jogap berdi.
4 Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi.
5 Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Biziň ikimizem Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da men etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Hudaý ony seniň eliňe berer» diýdiler.
6 Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.
7 Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapata şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.
8 Onsoň Ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi.
9 Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samarýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler.
10 Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, Reb şeýle diýýär: «Sen şu şahlar bilen aramlylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň» diýdi.
11 Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.
12 Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa bir agyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi.
13 Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Hudaýym maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.
14 Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada çozuş edelimi ýa-da etmäli?» diýip sorady. Mikaýa: «Çozuş et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi.
15 Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi.
16 Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“» diýdi.
17 Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.
18 Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, ähli gögüň goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda duranyny gördüm.
19 Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ysraýyl patyşasy Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat.
20 Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“. Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady.
21 Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.
22 Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».
23 Onsoň Kenaganyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, onuň ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.
24 Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.
25 Ysraýyl patyşasy Ahap şeýle diýdi: «Mikaýany al-da, ony yzyna–galanyň häkimi Amona we şazada Ýowaşa eltip ber.
26 Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».
27 Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.
28 Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler.
29 Ysraýyl patyşasy Ýehoşapata: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi.
30 Aram patyşasy öz söweş arabalarynyň serkerdelerine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy.
31 Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapaty görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. Reb oňuň dadyna ýetişip, serkerdeleri ondan daşlaşdyrdy.
32 Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapatyň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar.
33 Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýyl patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi.
34 Şol gün söweş gaty gyzgalaňlydy. Ysraýylyň patyşasy öz arabasynda agşama çenli aramlylara tarap bakyp durdy, ol gün ýaşanda öldi.