Bap 5
Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin etmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary–kümşi, altyny we ähli enjamlary getirip, Hudaýyň öýündäki hazynada goýdy.
2 Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Siýon galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime ýygnady.
3 Bütin ysraýyl halky ýedinji aýda bolýan Çatma baýramçylygynda patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy.
4 Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we lewiler sandygy göterdiler.
5 Şeýdip, olar sandygy, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler getirdiler.
6 Süleýman patyşa we onuň huzuryna ýygnanan bütin ysraýyl halky Äht sandygynyň öňündedi. Olar san-sajaksyz goýunlary, öküzleri gurbanlyk berdiler.
7 Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular.
8 Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi.
9 Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.
10 Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy. Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.
11 Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykdylar. Ol ýerdäki ruhanylaryň ählisi toparlaryna garamazdan, inlerini tämizläpdiler.
12 Ähli lewi nagmaçylary: Asaf, Heýman, Ýedutun, olaryň ogullary we garyndaşlary keteni lybaslaryna beslenip, kimwallary, barbatlary we arfalary bilen gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapynda ýüz ýigrimi sany surnaýçy ruhany bilen durdular.
13 Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir ses ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol gowudyr, Onuň sadyk söýgüsi ebedidir» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy.
14 Ruhanylar bulut zerarly Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy.