2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 35

Ýoşyýa Iýerusalimde Rebbe Pesah baýramyny tutdy. Birinji aýyň on dördüne Pesah guzusyny soýmagy karar etdi.
2 Ol ruhanylary öz wezipelerinde goýup, Rebbiň öýüniň hyzmatynda olary ruhlandyrdy.
3 Ýoşyýa Reb üçin bagyş edilip, bütin ysraýyl halkyna tälim beren lewilere şeýle diýdi: «Mukaddes sandygy Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň guran öýünde goýuň. Mundan beýläk ony gerşiňizde götermekligiň geregi ýokdur. Indi Hudaýyňyz Rebbe we Onuň halky ysraýyla hyzmat ediň.
4 Ysraýyl patyşasy Dawudyň we onuň ogly Süleýmanyň ýazgylarynda görkezilişi ýaly, uruglaryňyza, bölümleriňize görä taýýarlanyň.
5 Kowumdaşlaryňyz bolan halkyň uruglaryna we lewileriň uruglaryna görä mukaddes ýerde topar-topar bolup duruň.
6 Pesah guzusyny soýuň; iniňizizi tämizläp, Rebbiň Musanyň üsti bilen beren sözüni amal eder ýaly, doganlaryňyz üçin taýýarlyk görüň».
7 Ýoşyýa Pesah gurbanlyk janlysy üçin şol ýerdäki halkyň ählisine otuz müň owlakdyr guzy hem-de üç müň öküz berdi. Bularyň ählisi onuň öz mallaryndandy.
8 Patyşanyň baştutanlary hem halka, ruhanylara we lewilere meýletin sadakalar berdiler. Hudaýyň öýüniň baştutanlary bolan Hilkiýa, Zakarýa we Ýehiýel dagylar ruhanylara Pesah gurbanlyklary üçin iki müň alty ýüz owlakdyr guzy we üç ýüz öküz berdiler.
9 Lewileriň baştutany bolan Konanýa hem onuň doganlary Şemaýa, Netanel, Haşabýa, Ýegiýel we Ýozabat dagylar lewilere Pesah gurbanlygy üçin bäş müň owlakdyr guzy we bäş ýüz öküz berdiler.
10 Hyzmat işi ýerine ýetirilip bolansoň, patyşanyň tabşyrygy boýunça ruhanylar öz ýerlerinde we lewiler hem öz bölümlerinde durdular.
11 Olar Pesah gurbanlyk janlysyny soýdular, ruhanylarda özlerine berlen gany serpdiler; lewiler bolsa janlylaryň derilerini soýdular.
12 Onsoň ýakma gurbanlyklary halkyň uruglaryna görä paýlamak üçin bir gapdalda goýdular, Musanyň kitabynda ýazylyşy ýaly, halk Rebbe ýakma gurbanlyklary hödürlediler Olar öküzler bilen-de şeýle etdiler.
13 Olar Pesah gurbanlyk guzusyny düzgün boýunça otda kebap etdiler. Mukaddes sadakalary-da gazanlarda, pitilerde we tabalarda bişirip, dessine bütin halka paýladylar.
14 Mundan soň, lewiler özleri we ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler, çünki Harunyň neslinden bolan ruhanylar agşama çenli ýakma gurbanlyklaryny we ýaglary hödürlemek bilen meşgul boldular. Şeýdip, lewiler özleri we Harunyň neslinden bolan ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler.
15 Asafyň nesillerinden bolan aýdymçylar Dawudyň, Heýmanyň we patyşanyň görgüri Ýedutunyň tabşyrygyna görä öz ýerlerindediler. Her derwezede derwezebanlar bardy. Garyndaşlary lewileriň olar üçin taýýarlyk görendikleri üçin, olara hyzmatlaryndan gitmek gerek däldi.
16 Ýoşyýa patyşanyň tabşyrygyna görä Pesah baýramyny bellemek we Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakma gurbanlyklary hödürlemek üçin, şol gün Rebbiň bar hyzmatyna şeýle taýýarlyk görüldi.
17 Ol ýerde bolan ysraýyl halky şol wagt Pesah baýramyny we Petir baýramyny ýedi günläp belledi.
18 Şamuwel pygamberiň döwründen bäri beýle Pesah baýramy geçirilmändi. Ýoşyýanyň, ruhanylaryň, lewileriň, bu ýerde bolan ähli ýahuda we ysraýyl halklarynyň we Iýerusalimiň ilatynyň geçiren bu Pesah baýramy ýaly Pesahy Ysraýylyň patyşalarynyň hiç biri-de geçirmändi.
19 Bu Pesah baýramy Ýoşyýa patyşanyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda bellendi.
20 Ýoşyýa patyşa öýüň dikeldiş işlerini tamamlandan soň, Müsür patyşasy Neko söweşmek üçin Perat derýasynyň boýundaky Karkemişe gitdi. Ýoşyýa hem Müsür patyşasyny garşylamaga gitdi.
21 Emma Müsür patyşasy Ýoşyýa çaparlar ýollap: «Eý, Ýahuda patyşasy, seniň bilen meniň näme işim bar!? Bu gün men seniň garşyňa uruşmaga gelemok-da, özüm bilen uruşda bolan ýurduň garşysyna uruşmaga gelýärin. Hudaý maňa howlukmagy buýurdy. Hudaý meniň tarapymdadyr, sen Oňa garşy çykmagyňy bes et, ýogsam Ol seni heläklär» diýdi.
22 Emma Ýoşyýa ondan el çekmän, gaýtam onuň garşysyna uruşmak üçin tanalmaz ýaly eşige girdi. Ýoşyýa Nekonyň Hudaý tarapyndan aýdan sözlerine gulak asman, onuň bilen uruşmak üçin Megido düzlügine çykdy.
23 Okçular Ýoşyýa patyşa tarap ok atdylar. Patyşa öz nökerlerine: «Meni bu ýerden äkidiň, men agyr ýaralandym» diýdi.
24 Şeýdip, Ýoşyýa patyşanyň nökerleri ony söweş arabasyndan alyp, özüniň ikinji bir söweş arabasyna mündürip, Iýerusalime getirdiler. Ýoşyýa Iýerusalimde dünýäden ötüp, atalarynyň gonamçylygynda jaýlanyldy. Bütin ýahuda we Iýerusalim halky Ýoşyýa üçin ýas tutdular.
25 Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr.
26
27 – Ýoşyýanyň galan işleri, Rebbiň kanunynda ýazylanlara görä eden sadyk işleri, onuň tä başdan-aýak alyp baran işleri Ysraýyl hem Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.