2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 31

Pesah baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler. Bütin Ýahudada, Benýaminde, Efraýymda we Manaşede bolan sežde edilýän ýerleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler. Onsoň ysraýyl halkynyň hersi öz galalaryna, öz mülklerine dolandy.
2 Hizkiýa ruhanylardyr lewileriň hersini topar-topar edip, hyzmatyna görä toparlara böldi. Ruhanylar hem lewiler ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek we Rebbiň düşelgesiniň derwezelerinde alkyş hem öwgi aýdyp hyzmat etmekleri üçin bellendi.
3 Rebbiň kanunynda ýazylyşy ýaly, Hizkiýa ýakma gurbanlyklar üçin ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklaryny, Sabat güni üçin, Täze Aý we beýleki baýramlar üçin ýakma gurbanlyklary öz malyndan berdi.
4 Ruhanylar, lewiler özlerini Rebbiň kanunyna bagyş eder ýaly, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna ruhanylara we lewilere ondan bir bölegi bermeklerini buýurdy.
5 Patyşanyň buýrugy ýaýran badyna, ysraýyl halky dänäniň, şerabyň, ýagyň, balyň we ekin meýdanynyň ähli önümleriniň ilkinji miwelerinden bolluk bilen berdiler; hemme zatdan köp, hemme zatdan ondan birini berdiler.
6 Ýahuda galalarynda ýaşaýan ysraýyl, ýahuda halklary hem irili ownukly mal ondan birini, Hudaýy Rebbe bagyş edilen mukaddes zatlaryň ondan birini getirip üýşürdiler.
7 Üçünji aýda üýşmekleri ýerbe-ýer goýmaga başlap, ýedinji aýda ony soňladylar.
8 Hizkiýa bilen baştutanlar gelip, üýşmekleri görüp, Rebbi we onuň halky ysraýyly alkyşladylar.
9 Hizkiýa ruhanylardan we lewilerden getirilen zatlaryň üýşmekleri barada sorady.
10 Sadogyň neslinden bolan baş ruhany Azarýa şeýle jogap berdi: «Rebbiň öýüne sadakalaryny getirip başlanlaryndan bäri biziň iýmitimiz ýeterlik boldy, hatda köp artyp hem galdy. Rebbiň Öz halkyna bereket berendigi sebäpli, bizde artyk galan köp zat bar».
11 Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar.
12 Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimeý bolsa onuň kömekçisidi.
13 Ýehiýel, Azazýa, Nahat, Asahel, Ýerimot, Ýozabat, Eliýel, Ismakýa, Mahat we Benaýa dagylar Hizkiýa patyşanyň we Hudaýyň öýüniň esasy baştutany Azarýanyň belländigi üçin Konanýa bilen onuň inisi Şimeýiň gözegçiligi astynda işleýärdiler.
14 Gündogar derwezesiniň sakçysy lewilerden Ýimnanyň ogly Kore Rebbe berilýän meýletin sadakalaryň üstünden garaýardy. Şeýle hem Rebbe hödürlenen sadakalary we bagyş edilen sadakalary paýlamak işini ýerine ýetirýärdi.
15 Eden, Miniýamin, Ýeşuwa, Şemaýa, Amarýa we Şekanyýa dagy ruhanylaryň galasynda toparlaryna görä ýaşdyr garry garyndaşlaryna paýlary bölmekde Kore wepalylyk bilen ýardam etdiler.
16 Rebbiň öýüne wezipelerine hem bölümlerine görä gündelik hyzmat üçin gelen, nesillerine görä hasaba alnan üç ýaş we ondan ýokary bolan erkekleriň hemmesine paý berdiler.
17 Ruhanylaryň hasaba alnyşy uruglaryna görä geçirildi. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylary wezipelerine we bölümlerine görä bellendi.
18 Ruhanylar ýaş çagalary, aýallary, ogullary we gyzlary, tutuş jemagat bilen hasaba alyndylar, çünki olar inlerini tämizlemekde wepaly bolupdylar.
19 Öz şäherleriniň açyk meýdanlarynda ýaşaýan Harunyň neslinden bolan ruhanylara ýokarda ady agzalan adamlar her erkek ruhana we her bir hasaba alnan lewä paý bermelidiler.
20 Hizkiýa bütin Ýahudada şeýle etdi. Ol Hudaýy Rebbiň öňünde oňat, dogry we hak iş etdi.
21 Hudaýyň öýüne hyzmat etmekde eden her işinde, kanuny we tabşyryklary saklamakda, Hizkiýa öz Hudaýyny bütin kalby bilen agtardy. Munuň üçin ol rowaçlandy.