2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 26

Bütin ýahuda halky on alty ýaşly Uzyýany alyp, ony kakasy Amazýanyň deregine patyşa etdi.
2 Patyşa Amazýa ata-babalaryna gowuşandan soň, Uzyýa Eloty täzeden gurup, ony Ýahuda gaýtaryp berdi.
3 Uzyýa patyşa bolanda on alty ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýekolýa Iýerusalimlidi.
4 Uzyýa öz kakasy Amazýa ýaly, Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.
5 Özüne Hudaýdan gorkmaklygy öwreden Zakarýanyň bütin ömrüne Uzyýa Hudaýy agtardy. Rebbi agtaran döwürlerinde Hudaý Uzyýanyň işine rowaçlyk berdi.
6 Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdotyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdotyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy.
7 Piliştlilere, Gurbagalda ýaşan araplara we megunlara garşy alyp barýan uruşlarynda Hudaý Uzyýa ýardam etdi.
8 Ammonlar Uzyýa salgyt tölediler. Uzyýa has güýçlenip, şan-şöhraty Müsüriň çäklerine çenli ýaýrady.
9 Şeýle hem, Uzyýa Iýerusalimdäki Künç, Dere we Burç derwezelerinde diňler gurup, olary berkitdi.
10 Uzyýa çölde-de diňler gurup, köp howdan guýulary gazdyrdy. Onuň günbatar baýyrlykda we düzlükde uly mal sürüsi bardy, daglarda we mes toprakly ýerlerde daýhanlary we üzüm bagbanlary bardy. Uzyýa daýhançylyk etmegi söýýärdi.
11 Uzyýanyň söweşe ukyply esgerleri bardy. Olar patyşanyň serkerdelerinden bolan Hananýanyň gol astyndaky kätip Ýegiýel we serkerde Magaseýanyň tarapyndan geçirilen tükellemäniň sanyna görä topar-topar bolup söweşe çykdylar.
12 Batyr ýigitleriň urugbaşylarynyň umumy sany iki müň alty ýüzdi.
13 Olaryň gol astynda üç ýüz ýedi müň bäş ýüz esgerden ybarat goşun bardy. Olar uly güýç bilen duşmana garşy söweş edip, patyşa ýardam ederdiler.
14 Uzyýa tutuş goşuny galkanlar, naýzalar, tuwulgalar, sowutlar, ýaýlar we sapan daşlary bilen üpjün etdi.
15 Uzyýa diňleriň we diwar burçlarynyň üstünden oklar we uly daşlar atmaga ukyply adamlar tarapyndan oýlanyp tapylan desgalaryny Iýerusalimde goýdy. Onuň şan-şöhraty uzaklara ýaýrady. Oňa uly ýardam edilip, ol juda güýçlendi.
16 Uzyýa kuwwatlananda, gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.
17 Ruhany Azarýa Rebbiň segsen batyr ruhanysy bilen Uzyýanyň yzyndan girdi.
18 Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Beýik Hudaýdan hormat getirmez».
19 Uzyýa gazaplandy; ol ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypanyň ýanynda, Rebbiň öýündäki ruhanylaryň öňünde tütetgi ýakmak üçin durdy. Ol ruhanylara gazaplananda, onuň maňlaýynda heýwere keseli peýda boldy.
20 Baş ruhany Azarýa bilen beýleki ruhanylaryň hemmesi Uzyýa seredenlerinde, onuň maňlaýyndaky heýwere keselini gördüler. Olar ony ol ýerden tiz çykardylar. Uzyýanyň özi hem, ol ýerden dessine çykmak bilen boldy, çünki Reb ony şeýle heläkläpdi.
21 Uzyýa patyşa tä ölýänçä, heýwere keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady, ol Rebbiň öýünden çetleşdirilipdi. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.
22 Uzyýanyň başdan-aýak eden işleriniň bary barada Amozyň ogly Işaýa pygamber ýazdy.
23 Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ony atalarynyň ýanynda patyşalara degişli bolan mazarlykda jaýladylar, çünki ol «heýwere keselli» diýdiler. Ogly Ýotam onuň ýerine patyşa boldy.