2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 17

Asanyň ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy. Ol Ysraýyla garşy güýç toplady.
2 Ol Ýahudanyň esasy galalarynyň ählisinde goşun goýdy. Kakasy Asanyň basyp alan galalary bolan Efraýym galalarynda goşun ýerleşdirdi.
3 Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi.
4 Ýehoşapat Bagaly agtarman kakasynyň Hudaýyny agtaryp, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi.
5 Şonuň üçin hem Reb onuň patyşalygyny berkitdi. Ähli ýahuda halky Ýehoşapata salgyt töledi. Ol gaty baý hem at-abraýlydy.
6 Ýehoşapat Rebbiň ýolundan ýöremeklige ýüregi bilen berlendi. Ol Ýahudadaky sežde edilýän ýerleri we Aşera butlaryny ýok etdi.
7 Patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýehoşapat Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bersinler diýip emeldarlaryndan Benhaýyly, Zakarýany, Nataniýeli we Mikaýany iberdi.
8 Lewilerden Şemaýa, Netanyýa, Zebadýa, Asahel, Şemiramot, Ýonatan, Adonyýa, Tobyýa, Tobadonyýa hem-de ruhanylar Elişama, Ýoram olar bilen gitdiler.
9 Olar Ýahudada tälim berdiler. Ýanlaryna Rebbiň kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim berdiler.
10 Ýahudanyň töweregindäki ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy aralaşdy. Olar Ýehoşapata garşy uruş etmediler.
11 Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapata sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler.
12 Ýehoşapat gitdigisaýy güýçlenýärdi. Ol Ýahudada galalar we ammar şäherlerini gurdy.
13 Ol Ýahuda şäherlerinde beýik işleri etdi. Onuň Iýerusalimde söweşijileri we batyr ýigitleri bardy.
14 Uruglaryna görä olaryň sany şulardy: Ýahudanyň müňbaşylary: serkerde Adna üç ýüz müň batyr ýigit bilen,
15 ondan soň serkerde Ýehohanan iki ýüz segsen müň esger bilen,
16 ondan soň Zikriniň ogly Amasýa, Rebbiň meýletin hyzmatkäri iki ýüz müň batyr ýigit bilen.
17 Benýaminlerden: batyr ýigit Elýada iki ýüz müň ýaýdyr galkan bilen ýaraglanan esger bilen,
18 ondan soň Ýehozabat urşa taýýar ýüz segsen müň esger bilen.
19 Bular patyşanyň bütin Ýahudadaky berkidilen galalarynda ýerleşdiren esgerlerinden daşary patyşa hyzmat edýän esgerlerdi.