Bap 16
Asanyň patyşalygynyň otuz altynjy ýylynda Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi.
2 Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalaryndan kümüşdir altyn alyp, olary Damaskda ýaşaýan Aram patyşasy Benhadada iberdi.
3 Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen gidip, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn».
4 Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelmaýymy, Naftalynyň ähli ammar galalaryny basyp aldy.
5 Bagşa muny eşidende, Rama galasyny berkitmekden el çekip, işini togtatdy.
6 Soňra Asa patyşa ýahuda halkynyň baryny toplady. Olar Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitdiler. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Geba we Mispa galalaryny berkitdi.
7 Şol wagt görgür Hanany Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Hudaýyň Rebbe bil baglaman, Aram patyşasyna bil baglanyň üçin Aram patyşasynyň goşuny seniň eliňden gaçyp gutuldy.
8 Efiopiýalylar we Liwiýalylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi.
9 Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».
10 Onsoň Asa Hanany görgüre gaharlanyp, ony zynjyrlap zyndana saldy, çünki Asa munuň üçin oňa gazaplanypdy.
11 Asanyň başdan-aýaga çenli eden ähli işleri barada Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
12 Emma Asanyň patyşalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda ol aýakdan dert çekdi Onuň aýak agyrysy gitdigiçe agyrlaşsa-da, ol Rebden medet dilemän, lukmanlardan medet gözledi.
13 Asa patyşalygynyň kyrk birinji ýylynda ata-babalaryna gowuşdy.
14 Asany Dawut galasynda özi üçin gazyp goýan mazarynda jaýladylar. Ony bir ussat tarapyndan taýýarlanan her hili ýakymly ysly zatlardan doldurylan tabytda goýdular. Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyldy.